Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada geçiriljek saýlawlaryň wagty kesgitlendi


Fransiýada 2012-nji ýylyň 22-nji aprelinde prezidentlik saýlawlary geçiriler. Bu barada 11-nji maýda ýurduň häzirki prezidenti Nikolýa Sarkoziniň edarasy habar berdi.

22-nji aprelde dalaşgärleriň hiç birine sesleriň 50%-den gowragyny almak başartmasa, saýlawlaryň ikinji tapgyry 6-njy maýda geçiriler.

Nikolýa Sakoziniň ikinji geçek prezidentligiň 5 ýyllyk möhletine dalaş etmegine garaşylýar.

Sarkoziniň saýlawlardaky esasy garşydaşlarynyň Fransiýanyň Sosialistik hem Milli Front partiýalaryndan hödürlenjek kandidatlaryň bolmagy mümkin.

2012-nji ýylyň 10-njy hem 17-nji iýunynda fransuz parlamentiniň aşaky palatasyna hem saýlawlar geçiriler.
XS
SM
MD
LG