Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistanyň prezidenti Orsýete sapar edýär


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari 11-nji maýda Orsýete üç günlik saparyna başlady.

12-nji maýda prezident Dmitriý Medwedew Pakistanyň prezidentini Kremlde kabul eder diýlip, habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda oba hojalyk, awiasiýa hem energiýa meseleleri boýunça iki taraplaýyn ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

Moskwa hiç haçan Yslamabadyň ýarany bolmandy. Muňa Moskwanyň Hindistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmegi hem-de 80-nji ýyllarda sowet goşunlaryna garşy göreşen owgan mujahedinlerini Pakistanyň goldamagy sebäp bolupdy.

Emma, geçen ýyl Soçide geçirilen sammitden soň, iki ýurduň gatnaşyklary biraz ýokarlandy. Şol sammite Orsýet, Pakistan, Owganystan hem Täjigistan gatnaşyp, olar zorlukdan, garyplykdan ejir çekýan regionda ykdysady proýektleri bilelikde amala aşyrmak babatda ylalaşypdylar.
XS
SM
MD
LG