Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz aktiwisteri gyz alyp gaçmagy ýazgarýarlar


Gyrgyzystanda 18-nji maýda adam hukuklary boýunça aktiwistler ýurduň Yssyk–Köl welaýatynda gyzlary zorluk bilen alyp gaçmagy ýazgaryp, köpçüliklerýin çäre geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Zenanlar Alýansy toparynyň ýolbaşçysy Banur Abdiýewa şu ýyl zorluk bilen alnyp gaçylyp, nätanyş adama durmuşa çykarylan iki ýaş zenanyň öz janlaryna kast edip, heläk bolandyklaryny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Gyz alyp gaçmak däbi Merkezi Aziýa döwletleriniň käbir regionlarynda duş gelýär. Emma Gyrgyzystanda bu däp has ýowuz görnüşde amala aşyrylýar.

Gyrgyzystanda köp halatda zorluk bilen durmuşa çykmaga mejbur edilen gyzlaryň bile maşgala gurjak adamsyny düýpden tanamaýanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG