Sepleriň elýeterliligi

Siriýada hökümete garşy protestler dowam edýär


Siriýaly hukuk goraýjy aktiwistleriň berýän maglumatlaryna görä, Homs şäheriniň merkezinde agyr artilleriýanyň, ok atyşyklaryň sesi eşdilipdir. Bu şäherde, Siriýanyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, hökümete garşy demonstrasiýalar dowam edýar.

Hukuk goraýjylaryň çaklamagyna görä, mart aýynyň ortalarynda başlanan bu protestlerde azyndan 800 adam öldürilip, müňlerçesi tussag edilipdir.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton 11-nji maýda Ýewropa Parlamentinde çykyş edip, Siriýanyň häkimiýetlerini protestçileriň talaplaryna gulak asmaga çagyrdy.

“Siriýanyň halkyny tanklar bilen boýun egdirip bolmaz. Biz bu režime öz alyp barýan syýasatyňy üýtget, özem, eglenmezden, häziriň özünde özgert diýýäris” diýip, Aşton aýtdy.

10-njy maýda Ýewropa Bileleşigi ýakynda sanksiýa girizilen Siriýanyň 13 sany ýokary derejeli resmisiniň sanawyny çap etdi.

Ýewropa Bileleşigi Siriýanyň bu resmilerine ýurtdaky parahat demonstrasiýaçylara garşy ýarag ulanylmagy bilen baglanyşykly sanksiýa girizmekligi karar etdi.

Sanksiýa girizilen resmileriň arasynda Siriýanyn prezidenti Başar al-Assad ýok. Ýöne onuň doganlaryndan biri Maher al-Assad welin bu sanawa girizilipdir.

Ýewropa Bileleşigi Maher al-Assadyň demonstrasiýaçylara garşy ýaragly çäre görýän ýörite harby topara ýolbaşçylyk edýändigini aýdýar.

Sanawa giren adamlara ÝB-e syýahat etmek gadagan edilýär, olaryň Ýewropadaky bank hasaplary doňdurylýar.

ÝB-niň sanksiýalarynyň çäginde Siriýa ýarag satmak hem gadagan edildi.
XS
SM
MD
LG