Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Angliýadan Çempionlar ligasynda oýnajak 4 komanda belli boldy


Indiki ýyl Angliýadan Çempionlar ligasynda oýnajak komandalaryň arasynda “Mançester Ýunaýted” bilen “Arsenal” hem bar.

Indiki ýyl Angliýadan Çempionlar ligasynda oýnajak komandalaryň arasynda “Mançester Ýunaýted” bilen “Arsenal” hem bar.

Ýewropada we dünýäniň beýleki böleklerinde sport ýaryşlary dowam edýär.


Kazanda küşt boýunça dünýäniň çempiony Wişwanatan Anand bilen bäsläşmek üçin ýaryş dowam edýär.

Çärýek finallarda Gata Kamskiý (ABŞ) Weselin Topalowy (Bolgariýa), Boris Gelfand (Ysraýyl) bolsa azebaýjanly Şahriýar Mamedýarowy ýeňdi.

Çärýek finallaryň 4 oýnunda ýeňijini anyklap bilmedikler, goşmaça oýunlary oýnamaly boldular. Olarda Aleksandr Grişşuk (Orsýet) Lewon Aronýandan (Ermenistan) we Wladimir Kramnik (Orsýet) hem Teýmuraz Rajabowdan (Azerbaýjan) üstün çykdy. Indi ýarym final oýunlarda Gelfand bilen Kamskiý, Grişşuk bilenem Kramnik güýç synanyşar. Ýarym finallar penşenbe güni başlar.

Futbol

18-nji maýda Irlandiýanyň paýtagty Dublinde Portugaliýanyň iki kluby – “Porto” bilen “Braga” futbol boýunça Ýewropa ligasynyň finalynda duşuşar.

Ýewropanyň birnäçe ýurdunda futbol çempionatlarynyň ýeňijileri belli boldy. Ýakynda Germaniýada Dortmund şäheriniň “Borussiýa” kluby ýeňiş gazanypdy.

Italiýanyň “Skudetto” ady bilen belli bolan futbol çempionatynda “Milan” ýeňiji boldy.

Angliýanyň Premýer ligasynda möwsümiň iň bir wajyp oýunlarynyň biri oýnaldy. “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda Londonyň “Çelsisini” utdy we gaşydaşlaryndan 6 oçko arany açdy. Çempionatda ýene iki oýun oýnalmaly.

Indiki ýyl Angliýadan Çempionlar ligasynda oýnajak 4 komanda belli boldy. Olar – “Mançester Ýunaýted”, “Çelsi”, “Arsenal” we “Mançester Siti”.

Ispaniýanyň çempionatynda “Barselonanyň” çempion boljagyna şübhe ýok diýen ýaly. Olaryň esasy garşydaşy – Madridiň “Realy” soňky iki oýunda garşydaşlarynyň derwezesine 10 pökgi urdy we olaryň 7-sini Kristiano Ronaldo geçirdi. Ol häzir Ispaniýanyň çempionatynda iň şowly hüjümçi bolup, geçirilen 36 oýunda garşydaşlarynyň derwezesine 36 top urmagy başardy. Ikinji ýerde barýan Lionel Messiniň hasabynda 35 oýundan soň 31 gol bar.

Portugaliýada ýaryşyň tamalnmagyna 3 döw galdy. Lissabonyň “Benfikasyndan” 19 oçko (!) öňde barýan “Porto” has öňräk çempionlygy aldy.

Şotlandiýanyň çepionatynda, hemişekisi ýaly, birinjilik üçin göreş Glazgonyň “Reýnjers” we “Seltik” klublarynyň arasynda barýar.

Hokkeý

Hokkeý boýunça dünýä ýaryşynyň çärýek finalynda Orsýetiň milli komandasy Kanadanyň hokkeý topary bilen duşuşar.

Beýleki oýunlarda Çehiýa ABŞ bilen, Şwesiýa Germaniýa bilen Finlýandiýa hem Norwegiýa bilen oýnar. Utulan topar, goşuny ýygnap, öýüne gaýtmaly, ýeňijiler bolsa ýarym finala gatnaşmaly.

NHL-de detroýtly hokkeýçiler Günbatar konferensiýanyň ýarym finalynda öz san-hoseli garşydaşlaryna ilkinji 3 oýny utdurdylar, soň bolsa, juda erjellik görkezip, bassyr 3 oýny utdular. Indi diňe ýedinji oýun ýeňijini kesgitlär.

Günbatar konferensiýanyň beýleki finalçysy öňräk belli boldy. Wankuweriň komandasy ýarym final oýunlarda Näşwilliň komandasyny ýeňdi.

Gündogaryň finalynda Bostonyň we Tampa Beýiň komandalary duşuşar.

NBA-da öten ýylyň çempiony – Los-Anjelesiň “Leýkersi” Günbatar konferensiýanyň ýarym finalynda Dallasyň komandasyna oýnalan 4 oýnuň 4-sini hem utdurdy.

Azatlyk Radiosynyň sport habarçysynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG