Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oba ogrusy


Türkmenlerde «Oba ogrusyz bolmaz, dag börüsiz» diýen nakyl bar.
Türkmenlerde «Oba ogrusyz bolmaz, dag börüsiz» diýen nakyl bar.
Türkmenlerde «Oba ogrusyz bolmaz, dag börüsiz» diýen nakyl bar. Ogrular her döwürde-de, her obada-da bolupdyr. Ýöne ir döwürler obada ogrular bir ýa-da iki sany bolardy. Olary hem uly il tanardy. Goýun-sygyr ýitse, «Pylany alandyr» diýip, oba adamlary derrew bilerdiler. Ogrynyň birküç aýlap obadan ýitirim bolmagy bilen hem ýiten maldan geçerdilder. «Başa gelenini sowsun» diýip goýardylar.

Häzirki döwürde welin, oba ogrularynyň ogurlygy diýip-aýdar ýaly bolmady. Oba adamlarynyň aşa garyp düşmegi öňler gowy maşgala hasaplanan adamlaryň öýlerinden hem ogrularyň döremegine sebäp boldy.

Öňler adamlar bir ýerik gitseler, öýlerini goňşusyna tabşyryp giderdiler. Goňşy goňşynyň öýüni hut öz öýi ýaly gorardy. Dogrusyny aýtsaň, goramagyň hajaty-da bolmazdy. Ýetmişinji, segseninji ýyllarda hem oba ýerlerinde gapa gulp urmazdylar. Ýüpjagaz bilen daňyp, ýa-da gapa çöpjagaz goýup gidibererdiler. Şol ýüpjagaz bilen çöpjagaz öýde adam ýoguny aňladýardy, olary gören kişi öý eýeleriniň ýoguna düşünip, yzyna dolanardy.

Indi goňşyny goňşynyň özi talaýar

Prezident Nyýazowyň döwründe oba ýerlerinde halka kän saparlar mellek paýlandy. Adamlar ikiden-üçden mellek ýeri aldylar. Ol mellekler adamlary birneme pullandyryp ugrady. Sebäbi ekini bir mellege ekenden iki-üç mellege ekeniň amatlydygy hemmä düşnükli.

Pul düşse-de, diňe arkaýyn iýip-içmäge ýetýär. Jaý salmaga welin, näçe mellek bolanda-da pul ýygnama kyn. Şeýle bolansoň, adamlar ýaz ekin döwründe kepbe dikip, täze melleklerinde ýatyp-turýarlar, gyşky ekinleri welin gorap bolanok.

Gyşyň aýazly gijelerini ekin gorap, kepbede geçirip bolanok. Gijäniň ýaryna çenli ekinini garawullasa-da, ekin eýesi ahyr soňy öýüne gaýtmaly bolýar. Ogrular hem mydama il ýatansoň hereket edýärler. Täze mellek ýerlerinde ýetişdirilen kelemleri kesip, kartoşkalary köwläp, ogurlap gidýänler örän kän. Hatda goňşusyny ogurlygynyň üstünde tutup, urşup-bogşup ýörenlerem kän.

Goňşa pent bolanok

Ýöne bir goňşynyň ogurlykda tutulmagy ikinji bir goňşa pent bolanok. Ogurlyk mydama bolup durýar. Goňşy goňşyny sylanok, goňşynyň goňşa nebsi agyranok. Ekini ýetişdirilýänçä çekilen zähmet hakda ogry pikir edenok.

Mary welaýatynyň obalarynyň birinde bir daýhan irden özüniň täze mellegindäki kelemleriniň baryny kimdir biriniň kesip, alyp gidendigini bilýär. Garly gün eken. Ekin eýesi maşynyň yzyny yzarlap kelemleri kimiň alanyny bilipdir. Ogry ekin eýesiniň duldegşir goňşusy bolup çykýar. Ekin eýesi oýanýança ogry kelemleri bazara äkidip, satmaga hem ýetişipdir. «Näme üçin beýtdiň?» diýip soran goňşusyna ol özüniň sowalga pulunyň galmandygyny, bir mellekden önýän zat bilen maşgalany ekläp bilmeýändigini aýdyp, gözlerini ýaşlapdyr. «Sen indi meni näme etseň, edäý. Men şu işi gaty alaçsyz bolup etdim» diýip, ol dogrusyny aýdypdyr.

Şeýle ýagdaýda goňşy näme etsin. Ekin eýesi hem näme etjegini bilmän, yzyna dolanypdyr.

Şeýle ýagdaýda mallaryň, köwüşleriň, toý tutmak üçin getirilýän etleriň ogurlanýandygyny oba adamlary gürrüň berýärler. Şeýle ogurlygy edýänler neşekeş däl. Agyzlary arassa adamlar. Ýöne olar artykmaç gazanç tapmagy başarmaýan, ejiz kişiler.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG