Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Rumyniýa sapara bardy


Berdimuhamedow Rumyniýanyň hökümet resmileri bilen salamlaşýar, Buharest, 2011-nji ýylyň 12-nji maýy.
Berdimuhamedow Rumyniýanyň hökümet resmileri bilen salamlaşýar, Buharest, 2011-nji ýylyň 12-nji maýy.
Rumyniýanyň prezidenti Traýan Baseskunyň çakylygy boýunça çarşenbe güni Türkmenistanyň prezideni Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň paýtagty Buhareste bardy.

Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän hökümet delegasiýasynyň hatarynda Türkmenistanyň başga-da ýokary derejeli resmileri bar.

Çarşenbe güni Buharestiň aeroportunda Rumyniýada okaýan türkmen studentleri prezident Berdimuhamedowy “Arkadaga şöhrat!” diýen şygarlary gygyrşyp garşy aldylar.

Energiýa üns merkezinde


Saparyň ilkinji güni Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Bakonsçi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşik geçirdi. Gepleşikde iki ýurduň ykdysady we energiýa hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alşylandygy habar berilýär.

Çarşenbe güni Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan press-relizinde rumyn tarapynyň, aýratynam, Türkmenistanyň «Nabukko» we «AGRI» gaz proýektlerine gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýändigi mälim edildi.

Prezidentler Berdimuhamedow (çepde) bilen Basesku Buharestdäki duşuşykda, 12-nji maý.



Buharestde çap edilýän «Romania Libera» atly gündelik gazetiň baş redaktory Sabina Fati şu gün döwlet liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen rumyn kärdeşi Traýan Baseskunyň geçiren özara gepleşiklerinde-de «Nabukko» gaz proýekti bilen baglanyşykly meseläniň esasy üns berlen meselelerden biri bolandygyny aýtdy.

“Gepleşikleriň gün tertibindäki iň möhüm meselelerden birem ‘Nabukko’ bilen baglanyşykly mesele boldy. Iki ýurduň prezidentleriniň 2009-njy ýylda geçiren gepleşiklerinden soň, ‘Nabukko’ proýekti bilen bagly mesele Rumyniýa üçinem, Türkmenistan üçinem möhüm mesele bolup durýar. Ýöne bu gepleşikleriň ähli tehniki jikme-jikligi barada iki ýurduň diplomatlarynyň ýaýratjak resmi beýanatlarynda mälim ediler” diýip, Sabina Fati Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Maslahata ýygnandylar

«Romania Libera» gündelik gazetiň baş redaktory Sabina Fati şu gün iki ýurduň prezidentleriniň geçiren gepleşikleriniň yzy bilen Türkmenistan bilen Rumyniýanyň delegasiýa agzalarynyň hem Buharestde özara maslahata ýygnanandyklaryny aýtdy.

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň delegasiýasy özara maslahatda, Buharest, 12-nji maý.



Bu maslahatda iki ýurduň resmileri Rumyniýa bilen Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşýarlar. Ýöne bu maslahatda-da Türkmenistan bilen Rumyniýanyň energiýa sektoryndaky hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalarynyň aýratyn üns merkezinde durýandygy habar berilýär.

Prezidentler Berdimuhamedow bilen Baseskunyň häzirki duşuşygy olaryň döwlet liderleri hökmünde geçiren üçülenji duşuşygydyr. Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň aprelinde Rumyniýa sapar edenden soň, 2009-njy ýylyň iýulynda Rumyniýanyň prezidenti Basesku Aşgabada sapar edip, Berdimuhamedow bilen gepleşik geçiripdi.

Şol gepleşiklerde-de iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň täze ugurlary, aýratynam, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşyklarynyň ugurlary kesgitlenilipdi.

Rumyniýada dowam edýän häzirki ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde türkmen-rumyn hyzmatdaşlyklaryna degişli käbir täze dokumentlere-de gol çekiler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG