Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýanyň günortasynda iki gezek ýer titredi


Ispaniýanyň günorta sebitlerinde iki gezek ýer titreme boldy. Bu tebigy heläkçilikde azyndan 10 adamyň ölendigi, ençeme binalaryň weýran bolandygy, şeýle-de onlarça adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýer yranmalarynyň episentrleri ýurduň Mursia regionynyň Lorsa we Totana şäherlerinde. Bu ýer titremeleriň täsiriniň hatda Madridde hem duýlandygy aýdylýar.

Ilkinji ýer yranmanyň güýji 4,4 bala deň boldy. Ondan soň, 5,2 bal derejesinde ikinji gezek ýer sarsdy.

Ispaniýanyň hökümeti tebigy hadysanyň bolan ýerlerine gyssagly harby birikmelerini ýollady.
XS
SM
MD
LG