Sepleriň elýeterliligi

Hindistan pakistanly harbylary ekstremizme dahyllylykda aýyplaýar


Hindistan pakistanly bäş harby gullukçyny özüniň 50 sany “aýratyn gözleýänleriniň” sanawynda görkezip, Pakistanyň harbylaryny göniden-göni yslam ekstremizmine dahyllylykda aýyplady.

“Aýratyn gözlenýänleriň” sanawynyň Pakistana mart aýynda berilendigine garamazdan, onuň mazmuny şu wagt aýan edildi.

Bu sanawyň içinde, esasan, Pakistanda gizlenýär diýlip çaklanýanlaryň, şol sanda Hindistanda amala aşyrylan hüjümleriň arkasynda duran terroristleriň atlary görkezilen.

Nýu Deli köpden bäri Yslamabadyň söweşijileri gizleýändigi aýdyp, ony aýyplap gelýär.

Pakistan bilen Hindistan 1947-nji ýyldan bäri üç gezek birek-birek bilen söweşipdi.
XS
SM
MD
LG