Sepleriň elýeterliligi

Hindistanyň premýeri Owganystana sapar edýär


Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Siňh şu gün Kabula sapar edýär.Onuň iki günläp dowam etjek saparynyň dowamynda, howpsuzlyk we ösüş meseleleri maslahat ediler.

DPA habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Siňhiň Owganystan üçin goşmaça 100 million dollar hemaýaty yglan etmegine hem garaşylýar.

Hindistan Owganystana kömek berýän esasy donor döwletleriniň biridir.

Owganystanda 2001-nji ýylda “Talyban” hökümetden çetleşdirilenden soň, Nýu Deli Owganystany dikeltmek üçin 1,3 milliard amerikan dollary töwereginde serişde goýberdi.
XS
SM
MD
LG