Sepleriň elýeterliligi

Siriýada howpsuzlyk güýçleri 19 adamy öldürdi


Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri demokratik protestleri basyp ýatyranlarynda azyndan 19 adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Çarşenbe güni tanklar Homs we Harra şäherlerinde hem ot açdylar.

Türkiýe bilen serhetdeş Aleppo şäherinde 2,000 töweregi studentiň geçirýän protesti howpsuzlyk güýçleri tarapyndan dargadyldy.

Çarşenbe güni Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki SANA habar agentligi hökümetiň täze saýlaw kanunynynyň deslapky nusgasyny taýýarlandygyny aýtdy. Mundan başga goşmaça maglumat berilmedi.

Demokrat aktiwistler prezident Başar al-Assadyň bu herketletleri juda ujypsyz we gaty giç diýip, ony ret etdiler.
XS
SM
MD
LG