Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Rumyniýanyň prezidenti bilen duşuşdy


Rumyniýada saparda ýören Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Rumyniýanyň prezidenti Traýan Basesku bilen gepleşik geçirdi.

Gepleşikde «Nabukko» gaz proýektine degişli meseleleriň hem aýratyn üns merkezinde bolandygy habar berilýär.

Şu gün iki ýurduň ýokary derejeli resmilerinden ybarat hökümet delegasiýalary-da Buharestde özara maslahata ýygnandylar. Bu maslahatda resmileriň iki ýurduň ykdysady we energiýa hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek barada maslahat edendikleri habar berilýär.

Rumyniýada dowam edýän häzirki ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde türkmen-rumyn hyzmatdaşlyklaryna degişli käbir täze dokumentlere-de gol çekiler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG