Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Pakistanyň prezidenti bilen duşuşdy


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bu ýurda sapar edýän Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari bilen Moskwada özara gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen eden çykyşynda prezident Medwedew Orsýet bilen Pakistanyň ykdysady hyzmatdaşlyklar bilen birlikde, terrorizme garşy göreş çärelerini-de sazlaşdyrmaklarynyň örän möhümligini nygtady.

Pakistanyň prezidentiniň Orsýete edýän bu dört günluk sapary Amerikan resmileriniň Pakistanyň häkimiýetlerini Osama bin Ladene bu ýurtda gizlenmeklige mümkinçilik döredenlikde aýyplap eden soňky çykyşlarynyň yzýanyndaky günlere gabat geldi.
XS
SM
MD
LG