Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeniň maglumat saklaýjy enjamlary derňelýär


“Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Ladeniň kompýuterinden tapylan maglumatlar onuň amerikan güýçlerini Ýakyn Gündogardan çykarmak üçin näçe sany amerikan raýatyny öldürmelidigi barada ýörite hasap ýöredendigini görkezýär. Bu barada şu gün Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileri mälim etdiler.

Öz atlarynyň tutulmazlyk şerti bilen maglumat beren amerikan resmileri Osama bin Laden öldürilende onuň Pakistandaky jaýyndan 5 sany kompýuter bilen birlikde 100-e golaý elektron maglumat saklaýjy enjamynyň hem ele salnandygyny aýdýarlar.

Amerikan resmileriniň aýtmaklaryna görä, Bin Laden Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny Ýakyn Gündogar regionyndaky syýasatyny üýtgetmäge mejbur etmek üçin Birleşen Ştatlara garşy 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjüminiň derejesinde uly gerimde hüjüm etmekligiň zerurlygyny öňe sürýän eken.
XS
SM
MD
LG