Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýede kürt söweşijileri polisiýa ofisine hüjüm etdiler


Şu gün Türkiýäniň «Anadoly» döwlet habar agentligi ýurduň günorta-gündogar raýonynda kürt söweşijileriniň bir polisiýa ofisine hüjüm edendiklerini habar berdi.

Habar agentliginiň maglumatyna görä, aglaba ilaty etniki kürtlerden durýan Silopi atly ilatly punktdaky bu polisiýa ofisine öten agşam Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň (PKK) söweşijileri hüjüm edipdirler.

Özara atyşyklarda iki sany polisiýa işgäriniň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG