Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: respublikançy Nýut Gingrih prezidentlige dalaş etmekçi


Birleşen Ştatlaryň Wekiller palatasynyň ozalky başlygy, respublikançy Nýut Gingrih 2012-nji ýylda öz partiýasynyň adyndan prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan etdi.

67 ýaşly Nýut Gingrih «Respublikan» partiýasyndan prezidentlige kandidat iň tanymal syýasatçylardan biri hasaplanylýar.

Respublikançylardan prezidentlige dalaş etjekleriň hatarynda Massaçusets ştatynyň ozalky gubernatory Mitt Romneý, Alýaska ştatynyň ozalky gubernatory Sara Palin we tanymal milliarder Donald Trump dagylar hem bolar diýlip garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň häzirki prezidenti Barak Obama hem ýakynda Demokratik partiýanyň adyndan geljek ýyl prezidentlige ýene gaýtadan dalaş etjekdigini mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG