Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewroparlamentiň wise-prezidenti wezipesinden çekildi


Şu gün germaniýaly syýasatçy, Ýewropa Parlamentiniň wise-prezidenti Silwana Koh-Mehrin doktorlyk dissertasiýasyny goranda başgalaryň eserinden maglumat göçürenlikde bildirilýän aýyplamalar boýunça öz wezipesinden çekildi.

Hususan-da, Silwana Koh-Mehrin Ýewroparlamentiň wise-prezidentlik wezipesinden hem-de Germaniýanyň «Erkin demokratik partiýasynyň» ýolbaşçy geňeşinden gidýändigini yglan etdi. Ýöne, ol Ýewropa Parlamentiniň deputaty wezipesinde welin galjakdygyny aýtdy.

Silwana Koh-Mehrin maglumat ogurlygynda özüne bildirilýän aýyplamalaryň dogrudygy ýa ýalandygy barada hiç hili beýanat etmedi.

Iki aý mundan ozal Germaniýanyň goranmak ministri Karl-Teodor zu Güttenberg hem hut şeýle aýyplamalar boýunça wezipesinden çekilipdi.
XS
SM
MD
LG