Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow futbol medeniýetini ösdürmek üçin pul dökýär


Grozny, 2011-nji ýylyň 11-nji maýy.

Grozny, 2011-nji ýylyň 11-nji maýy.

2004-nji ýylyň 9-njy maýynda Çeçenistanyň prezidenti Ahmad Kadyrow paýtagt Groznynyň “Dinamo” futbol stadionynda amala aşyrylan partlamada öldürlipdi. Bu wakadan ýedi ýyl töweregi wagt geçensoň, Ahmad Kadyrowyň ogly, Çeçenistanyň häzirki baştutany Ramzan öz kakasynyň adyny göterýän 280 million dollarlyk stadiony açdy. Bu stadionda iki sany türgenleşik meýdançasy, suwa düşülýän howuz, tennis meýdançalary, şeýle-de boks we göreş bilen meşgullanmak üçin bölümler bar.

Emma bu stadionyň açylmagy Ramzanyň ogullyk hormatynyň näderejede ýokarydygyny görkezmek bilen bir hatarda onuň futbola bolan uly söýgüsini hem äşgär edýär. Stadionyň açylyş dabarasyna gabatlanyp, paýtagt Groznyda Orsýetiň premýer-ligasynyň oýunçylaryndan ybarat futbol komandasy futbolyň taryhynda öz adyny galdyran meşhur futbolçylaryň, şol sanda Diego Maradona, Luis Figan, Stiw MakManaman we Iwan Zamarano dagylaryň düzen futbol topary bilen duşuşyk geçirdi.

Ramzan Kadyrow öz kakasynyň adyny göterýän 280 million dollarlyk stadiony açdy.



Ramzan Kadyrow ýurtda futbol medeniýetini ösdürmek üçin millionlarça dollary sarp etmekden gaýtmaýar. Ýakynda ol ýerli Groznynyň “Terek” futbol toparyny türgenleşdirmek üçin öz wagtynda Gollandiýanyň milli saýlama futbol toparynyň kapitany bolan Ruud Gullit bilen şertnama baglaşdy. Kadyrow bu toparda oýnamak üçin braziliýaly, argentinaly we kamerunly oýunçylary hem getirdi.

Şeýle-de şu ýylyň başynda çeçen futbolçylarynyň komandasy 2002-nji ýylda futbol boýunça dünýä kubogynyň eýeleri, Braziliýanyň şol wagtky toparynyň düzümi bilen duşuşyk geçirdi. Braziliýanyň toparynyň düzüminde Romario we Dunga ýaly futbol ýyldyzlary hem bardy. Çeçen toparyna bolsa Kadyrowyň hut özi kapitan boldy.

Kadyrowyň futbol toparynyň bu oýunda 4-6 hasabyda utulandygy hiç kimi geň galdyrmasa gerek. Brazliýanyň toparyndaky oýunçylaryň biri Rajyň aýtmagyna görä, olara çeçen tarapy bilen gowşagrak oýnamalydygy barada duşuşygyň öňünden duýdurylypdyr. Şeýle-de Raj, Kadyrowyň adam hukuklaryny bozýanlygyndan habarsyz bolup, Grozna gelmegi karar edenligi üçin “juda gynanýandygyny” hem sözüne goşdy.

Ramzan Kadyrow (çepde) Çeçenistan bilen Braziliýanyň arasynda geçirilen futbol bäsleşiginde, Grozny, 2011-nji ýylyň 8-nji marty.



Çeçenistan nebite baý ýurt. Emma Kadyrowyň jomartlygy belli bir derejede Orsýetiň Federal hökümetiniň sahylygyna hem bagly. Orsýetiň Federal hökümeti Çeçenistan üçin her ýylda 2,2 milliarda golaý amerikan dollaryny goýberýär.

Ýöne, Çeçenistanyň öz içindäki adamlaryň aýtmagyna görä, bu pullar adaty raýatlara ýetenok. Resmi statistika hasabatlaryna görä, ýurduň ilatynyň ýarpysyna golaýy-da işsizlikden kösenýär. Munuň üstesine-de, Kadyrow öz ilatyny mugt işçi güýji hökmünde ulanmakda hem aýyplanylýar.

Köp sanly çeçenleriň Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz gullugyna aýtmagyna görä, stadionyň açylmagyna birnäçe aý galanda, olar arassaçylyk işlerini geçirmek üçin öz işlerinden we okuwlaryndan zorluk bilen ýowarlara äkidilipdirler.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik Çeçenistandaky bir mekdebiň direktory özüniň golastyndaky adamlaryny bu çärä äkimtäge mejbur edilendigini aýtdy: "Men olara, munuň özlerine baglydygyny aýtdym. Ýöne bärde gitmezlik diýen ýaly zat ýok. Hususan-da, 1-nji maýda. Bu bir syýasy mesele. Eger-de biz gitmesek, munuň yzynyň näme bilen gutarjakdygyny ählimiz gowy bilýäris. Şonuň üçin, geliň, bu meseläni şu ýerde çözeliň we tamamlalyň. Ähli mekdepler eýýäm ol ýerä gitdi. Bir günlükçe biziň hem ählimiz şol ýere gidýäris”.

Çarşenbe güni geçirilen futbol ýaryşyny görmek üçin, has dogrusy 30,000 adamlyk stadionda boş ýerleriň galmazlygy üçin, studentler we işçiler futbol ýaryşyna bialaç barmaly boldular.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG