Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ençeme adamlar daşardan gelýän walýuta mätäç


"Western Union" halkara walýuta geçiriş hyzmatlary Türkmenistanda giňden ýaýran.
"Western Union" halkara walýuta geçiriş hyzmatlary Türkmenistanda giňden ýaýran.
Häzir dünýäniň 135 ýurdunyň ýetginjekleriniň 3% töweregi daşary ýurtlarda ýaşaýan maşgala agzalaryndan maliýe ýa maddy taýdan kömek alýarlar. Emma bu görkeziji 35 ýurtda 10%-den hem aşýar. Bu barada Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Gallup” barlag edarasynyň 6-njy maýda çap eden maglumatynda habar berilýär.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan maşgala agzalaryndan we beýleki çeşmelerden kömege mätäç ýaşlaryň sany boýunça Afrikada ýerleşýän Somali birinji orunda durýar we bu ýurduň ýaşlarynyň jemi 40%-niň bu kategoriýa girýänligi aýdylýar.

Merkezi Aziýa


Şeýle ýagdaý boýunça Merkezi Aziýa barada gürrüň edilende, “Gallup” edarasynyň hasabatynda Täjigistan birinji orunda göze ilýär. Hasabatda aýdylyşyna görä, bu ýurduň ýetginjekleriniň jemi 21%-i daşary ýurtlardan iberilýän maliýe serişdelerinden peýdalanýarlar.

Gyrgyzystan bolsa Merkezi Aziýada ikinji orny eýeleýär, bu ýurduň agzalýan kategoriýa girýän ýaşlarynyň sany 15%-e barabardyr. Merkezi Aziýada ýerleşýän beýleki ýurtlar, şol sanda Özbegistan we Türkmenistan hakda hasabatda doly we takyk maglumat berilmeýär.

“Central Asia Online” neşiriniň maglumatyna görä, daşary ýurtlarda ýaşaýan zähmet immigrantlarynyň iberýän maliýe serişdelerine diňe ýetginjekler däl, köp halatlarda tutuş maşgalalar hem mätäçdir.

2010-njy ýylda Täjigistana daşary ýurtlarda işleýän zähmet immigrantlary tarapyndan iberilen maliýe serişdesiniň möçberi 2,29 milliard dollara barabar bolupdyr. Täjigistanyň Merkezi Bankynyň başlygy Şarif Rahymzodanyň “Central Asia Online” neşirine beren maglumatyna görä, zähmet immigrantlary tarapyndan iberilen şol serişde 2010-njy ýylda Täjigistanyň jemi içerki önüminiň 37%-ini emele getiripdir.

“Gündogar Ekspresi”-1: Sag bol, Duşanbe!
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:44 0:00

Wideo: 2009-njy ýylda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy tarapyndan täjik immigrantlary barada taýýarlanan "Gündogar Ekspresi" atly dokumental filmden bölek. (Rus dilinde)

Resmi taýdan aýdylanda, Täjigistanyň jemi 730,000 raýaty daşary ýurtlarda işleýär, emma näresmi çeşmeler bolsa bu sanyň 1 million töweregidigini aýdýarlar. Şol zähmet immigrantlarynyň aglaba köpüsi Orsýetde bolup, olardan müňlerçesiniň iş gözläp, Gazagystana hem barýanlygy aýdylýar. Bu hem Täjigistanyň her ýedi raýatyndan biriniň daşary ýurtlarda işleýändigini aňladýar.

Soňky ýyllaryň dowamynda Orsýet bilen bir hatarda merkezi aziýaly zähmet immigrantlary üçin Gazagystan hem uly duralgalardan birine öwrüldi. Waşingtonda ýerleşýän Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynyň maglumatyna görä, gyrgyz zähmet immigrantlary Orsýet bilen bir hatarda Gazagystana hem barýarlar. 2009-njy ýylda Gazagystana baran şeýle gyrgyzlaryň sany 200 müňe barabar bolupdyr.

Türkmenistan we Özbegistan

“Gallup” edarasynyň Türkmenistan we Özbegistan baradaky böleginde bu mesele hakda takyk maglumat berilmese-de, özbek zähmet immigrantlarynyň uly böleginiň iş gözläp, Orsýete we Gazagystana barýanlygy barada maglumatlar bar.

Türkmen zähmet immigrantlary bolsa Orsýet, Gazagystan bilen bir hatarda, iş gözläp, köplenç Türkiýä barýarlar. Olaryň aglabasynyň şol ýurtda bikanun ýagdaýda işleýänligi hem aýdylýar.

Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynyň maglumatyna görä, daşary ýurtlarda bikanun işleýän zähmet immigrantlary, umuman aýdylanda, ýurda iberýän pullaryny esasan tanyş-bilişleri arkaly elin iberýärler. Netijede iberilýän şeýle puluň anyk möçberi barada resmi çeşmelerde maglumat ýok.

Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynyň maglumatyna görä, 2008-nji ýyllarda emele gelen global ykdysady çöküş zerarly daşary ýurtlarda ýaşaýan zähmet immigrantlarynyň öýlerine iberýän maliýe serişdeleriniň möçberiniň azalmagy Gyrgyzystan bilen Täjigistan barada uly howsala döredipdir.

2009-njy ýyllaryň başlarynda daşary ýurtlara iş gözläp çykýan gyrgyzlaryň, täjikleriň we özbekleriň sanynyň artanlygy üçin 2010-njy ýylda ýagdaýyň birneme gowulaşanlygy aýdylýar. Käbir günbatar ekspertleriniň aýtmagyna görä, daşary ýurtlardan iberilýän maliýe serişdeleri ykdysady çökgünlik mahaly şol kynçylyklaryň agzalan ýurtlara o diýen uly täsir ýetirmän, sowulmagyna kömek edýär.

Türkmenistan barada aýdylanda, bu ýurt hakda takyk maglumat bolmanlygy üçin ýurduň ykdysady ýagdaýy bilen bir hatarda daşary ýurtlarda ýaşaýan zähmet immigrantlarynyň iberýän serişdesi we ol serişdeleriň möçberi hakda hem hiç hili anyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG