Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oslo Azatlyk Forumy


Oslo Azatlyk Forumy 2009-njy ýyldan bäri ýylda üç günüň dowamynda geçirilýär. (Suratyň awtory Fran Kapranos)
Oslo Azatlyk Forumy 2009-njy ýyldan bäri ýylda üç günüň dowamynda geçirilýär. (Suratyň awtory Fran Kapranos)

10-njy maýda Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde ýyllyk Azatlyk Forumynyň 3-nji maslahaty öz işine başlady.

2009-njy ýyldan bäri ýylda üç günüň dowamynda geçirilýän bu foruma Nobel baýragynyň laureatlary, dünýa liderleri, hukuk goraýjy aktiwistler, intelligensiýa wekilleri, ýanamalardan halas bolan aktiwistler gatnaşyp, azat, erkin dünýä jemgyýetini döretmek meselesindäki kynçylyklary geňeşýärler.

Aktiwistleriň “Dawosy”

“The Economist” žurnalynyň bellemegine görä, Oslo Azatlyk Forumy adam hukuklary ugrundan öz ähmiýeti boýunça, ykdysatçylar üçin ykdysady meseleler boýunça Dawosda geçirilýän forumyň ähmiýetine barabardyr.

Tor Halworssen
2009-njy ýylda Oslo Azatlyk Forumynyň düýbüni tutan - dünýa meşhur hukuk goraýjy aktiwist hem film prodýuseri Tor Halworssen. Ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Oslo Azatlyk Forumynyň döredilmeginiň esasy maksatlary barada şeýle diýdi: “Bu forumyň düýbüni tutmak bilen biz birnäçe maksady yzarladyk. Olaryň iň möhüminiň biri hem adam hukuklary bilen bagly ünsden düşürilen meseleleri gozgap, olara dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybarat. Şeýle hem hukuk aktiwistleriniň ýagdaýyna ünsi çekmek”.

Halworsseniň nygtamagyna görä, adam hukuklary boýunça iş alyp barýan adamlary bu ýerde ýygnamak hem juda möhüm: “Demirgazyk Koreýadan, Bahreýinden, Boliwiýadan gelen adamlar biri-birniň çykyşyny diňlänsoň, bu olary höweslendirýär we olar ynsan hukuklaryny goramak ýaly mynasyp işi alyp barmakda öz oýnaýan rollarynyň has giň perspektiwasynyň bardygyna düşünýärler”.

Hukuk goraýjy aktiwist Tor Halworssen alty ýyl mundan ozal Birleşen Ştatlaryň Nýu Ýork şäherinde hem ýene bir guramany – Adam hukuklary boýunça fondy döredipdi. Muňa Tor Halworsseniň syýasy proteste gatnaşan ejesiniň atylyp öldürilmegi itergi beripdi.

Tanymal şahsyýetler çykyş edýärler

Azatlyk Forumyň döredilmegine diňe üç ýyl bolandygyna garamazdan, bu forumda Hytaý, Demirgazyk Koreýa, Kuba, Birma ýaly repressiw ýurtlarda basyş astynda adam hukuklaryny goramak ugrunda iş alyp barýan aktiwistler hem çykyş edýarler.

Forumda çykyş edenleriň arasynda Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Gawel, Polşanyň öňki prezidenti Leh Walensa, küşt boýunça dünýa çempiony bolan, soňra Orsýetde adam hukuklary, syýasy azatlyklar boýunça göreş alyp barýan Garri Kasparow dagylar bar.

Oslo Azatlyk Forumynda “Wikileaks” paş ediji internet saýtynyň düýbüni tutujy Julian Assanj, 33 ýyly Hytaýyň türmesinde geçiren butparaz ruhanysy Palden Giýatso ýaly şahslar hem çykyş etdiler.

Şu ýyl Oslo Azatlyk Forumynda çykyş edýän adamlaryň sanawynda adam hukuklary boýunça aktiwist, Nobel baýragynyň Parahatçylyk boýunça laureaty Şirin Ybadi, azerbajanly hukuk goraýjy aktiwist, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň öňki habarçysy, žurnalist Malahat Nasibowa, belarusly radiožurnalist Žanna Litwina dagylar hem bar.

Goldaw tapanlar hem bar

Forumda çykyş etmegi netijesinde, maliýe goldawy tapyp, öz alyp barýan işini has aktiwleşdirip bilen hukuk goraýjylar hem bar. Mysal üçin, kubaly blogçy Yoani Sançeziň forumda eden çykyşy Daniýanyň analitik merkeziniň Azatlyk boýunça baýragyna mynasyp bolupdy. 50 müň amerikan dollaryndan ybarat bu baýragy kubaly aktiwist öz alyp barýan işlerini ýaýbaňlandyryp, Kubadaky ýagdaýy dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin ulandy.

Ynsanyň mertebesini, adam hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan göreş iň mynasyp göreşdir.
Ugandaly Kaşa Jaklin 2010-njy ýylda bu forumda çykyş edensoň, Birleşen Ştatlarda ýerleşýän fonddan 10 müň dollarlyk grant alyp, oz işini giňeltmek mümkinçiligine eýe boldy.

Oslo Azatlyk Forumynyň düýbüni tutan hukuk goraýjy aktiwist Tor Halworssen häzirlikçe Azatlyk Forumynda 140-a golaý adamyň çykyş edenligini, olaryň arasynda Türkmenistandan bolan adamy ýadyna düşürmeýanligini aýdyp, ötünç sorady.

Türkmenistanyň içinde, basyşlara garamazdan, hereket edýän aktiwistlere näme maslahat berersiňiz diýlen sowala Tor Halworssen şeýle jogap berdi: “Adam hukuklaryny depgileýänler gaty gorkýarlar. Olar halkyň gazabyndan, hakykatdan howatyrlanýarlar. Olar bir gün tutulyp, etmişleri üçin jezalandyrylmakdan gorkýarlar. Şonuň üçin bu göreşiňizi dowam ediň. Ynsanyň mertebesini, adam hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan göreş iň mynasyp göreşdir”.
XS
SM
MD
LG