Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus traktorlary


Ýazgulyýew: "Kredit berlip, daýhanlara ýardam edilse, orta derejedäki kärendeçileriňem özlerine has amatly bolan «Belarus» tehnikalaryny satyn almaga güýji ýetjek".
Ýazgulyýew: "Kredit berlip, daýhanlara ýardam edilse, orta derejedäki kärendeçileriňem özlerine has amatly bolan «Belarus» tehnikalaryny satyn almaga güýji ýetjek".
Garaşsyzlyk zamanamyzda ýurdumyzyň oba hojalygy üçin, esasan, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynda öndürilen “Jon Dir”, “Keýs” tehnikalary satyn alynýardy. Bu tehnikalaryň kämildigine söz ýok. Emma oba hojalyk hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, bu tehnikalar biziň ýurdumyzyň howa şertlerine, oba hojalygyna mahsus bolan ýagdaýlara laýyk gelmeýär.

Türkmenistanyň oba hojalygynda korrupsiýanyň giňden ornaşandygy, “Jon Dir”, “Keýs” traktorlaryna pes hilli ýaglaryň guýlandygy, şeýle-de tehnikalara eýeçiliksiz göz bilen garalandygy üçin, ol tehnikalar derrew hatardan çykyp başladylar. Hatda ol tehnikalar döwläýende-de olary bejerip biljek slesarlarymyz ýurdumyzda ýok diýerlikdir.

“Türkmenobahyzmat” assosiasiýasyndan kyrk bäş ýaşly, Berdimyrat atly emeldar her günde 20-25 gektar ýer sürmäge, pagta ýygmaga we galla ormaga ukyply “Jon Dir”, “Keýs” traktorlarynyň öndürjiliginiň bolmalysyndan 4-5 esse az öndürijiliklidigini, hatda oba hojalygynda ol tehnikalary saklamagyňam örän gymmada düşýändigini gürrüň berdi.

«Obahyzmat» assosiasiýasyndan öz adyny aýtmak islemedik, otuz bäş ýaşly, ýokary derejeli inžener “Jon Dir”, “Keýs” traktorlarynyň Türkmenistanyň klimat şertine gabat gelmeýändigi, olara erk edýän sürüjileriň bu tehnikalaryň ýagdaýyny doly bilmeýändigi üçin, diňe soňky bäş ýylda gymmat bahaly ol tehnikalaryň azyndan on sanysynyň bütinleý ýanandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Minskiniň traktor zawodynda, 2010-njy ýylyň 26-njy ýanwary.
Häkimiýetiň çalyşmagy bilen soňky ýyllarda Belarus Respublikasynda öndürilýän tehnikalar uly möçberde satyn alnyp başlandy. «Belarus» atlandyrylýan, ýer sürmäge, ekiş geçirmäge, bejergi işlerini ýerine ýetirmäge, önüm çekmäge ukyply ol tehnikalaryň ýurdumyzyň oba hojalygy üçin ýöriteleşendigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň oba hojalygy dogry gurnalyp, oba hojalyk tehnikalary daýhan birleşiklerine gaýdyp berlen ýagdaýynda belarus tehnikalaryna ezber erk edip bilýän, şeýle hem olar näsazlyk tapan halatynda bejermäge ukyply sürüjilerimiziň, slesarlarymyzyň her bir obada onlarçasy bar. Munuňam üstesine, oba hojalygymyzyň ekerançylyk pudagynda ekiş geçirmek, bejergi işlerini ýerine ýetirmek, ýer sürmek ýaly agregatlar, önüm çekmäge niýetlenen tirkegler Belarus Respublikasynyň özünde öndürilip, ol agregatlar Belarus traktorlarynyň işleýşine, güýjüne doly sazlaşdyrylandyr.

Belarus traktorlarynyň “Jon Dir”, “Keýs” tehnikalaryndan 7-8 esse arzandygyny hem aýtmak gerek. Şol sebäpli kredit berlip, daýhanlara ýardam edilse, orta derejedäki kärendeçileriňem özlerine has amatly bolan «Belarus» tehnikalaryny satyn almaga güýji ýetjek. Şonuň üçin Türkmenistan hökümetiniň belarus ýolbaşçylary bilen bu ýurduň tehnikasynyň onlarçasyny satyn almak hakyndaky şertnamasyny gutlamak gerek.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG