Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň hokkeý çempionaty soňuna golaýlaýar


Slowakiýada dowam edýän Dünýäniň hokkeý boýunça çempionaty soňuna golaýlaýar.

Slowakiýada dowam edýän Dünýäniň hokkeý boýunça çempionaty soňuna golaýlaýar.

Ýewropada we Amerikada geçirilýän sport ýaryşlarynyň arasynda sport söýüjileri Slowakiýada dowam edýän Dünýäniň hokkeý boýunça çempionaty gyzyklandyrýan bolmagy mümkin.

11-nji maýda geçirilen çärýek final oýunlarda Çehiýa ABŞ-nyň komandasyny 4-0 hasabynda ýeňdi. Şwesiýanyň hokkeýçileri hem Germaniýadan 5-2 hasabynda üstün çykdylar.

12-nji maýda Kanada Orsýet bilen, Finlýandiýa hem Norwegiýa bilen duşuşdy. Orsýet Kanadanyň hokkeý komandasyny 2-1 hasabynda, Finlandiýa bolsa Norwegiýany 4-1 hasabynda ýeňdi. Dünýäniň çempiony 15-nji maýda (Türkmenistanyň wagty bilen 16-njy maýda) belli bolar.

Kazanda geçýän dalaşgärleriň ýaryşynyň ýarym final oýunlarynyň birinji döwleriniň ikisi hem deňme-deň tamamlandy. Gata Kamskiý (ABŞ) bilen Boris Gelfand (Ysraýyl), Aleksandr Grişşuk bilenem Wladimir Kramnik (ikisem Orsýet) ýarym finalda azyndan ýene 3 oýun oýnamaly. Eger 4 oýundan soň hasap deň bolsa, onda ýeňiji taý-breýkde belli ediler.

Ukrainanyň futbol boýunça kubogynyň finalynda Kiýewiň “Dinamosy” bilen Denetskiniň “Şahtýory” duşuşar. Final oýun 25-nji maýda Sumy şäherinde geçiriler.

Orsýetiň kubogynyň finalyna Moskwanyň “Spartak” komandasyny oýundan soňky urulýan penalti boýunça ýeňen CSKA bilen Wladikawkazyň “Alaniýa” topary çykdy. Orsýetiň kubogynyň final oýny 22-nji maýda Ýaroslawl şäherinde oýnalar.

Italiýanyň kubogynyň finalynda Milan şäheriniň “Inter” komandasy “Palermo” bilen duşuşar.

Azatlyk Radiosynyň sport habarçysynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG