Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň tanklary Hama şäherini gabawa aldy


Siriýanyň harby güýçleriniň we tanklarynyň ýurduň Hama şäherini gabawa alandyklary habar berilýär.

Siriýada prezident Başar al-Assadyň režimine garşy indi sekiz hepde bäri protestler geçirilýär. Siriýanyň hökümeti bolsa, harby güýjüň üsti bilen bu protestleri basyp ýatyrmaga synanyşýarlar.

Çarşenbe güni ýurduň günorta we merkezi sebitlerinde Siriýanyň armiýasynyň ot açmagyndan azyndan 18 adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Başar al-Assadyň kakasy, ýurduň ozalky prezidenti Hafez al-Assad hem 1982-nji ýylda Hama şäherini gabawa alypdy. Şol wagt Hamada sünni musulmanlaryň geçirýän protesti basylyp ýatyrylypdy. “Amnesty International” guramasynyň berýän maglumatyna görä, şol wakalarda 10,000-den 25,000 aralygynda adam öldürilipdir.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton häzir Siriýada protestleriň “gazaply basylyp ýatyrylmagyny” ýazgardy.
XS
SM
MD
LG