Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň premýer-ministri Owganystana bardy


Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Siňh iki günlük resmi sapar bilen Owganystana bardy. Bu saparyň dowamynda Owganystana ediljek kömek we regional howpsuzlyk meseleleri maslahat ediler.

Premýer-ministr Siňhiň bellemegine görä, owgan halky ýurdy dikeltmek ugrunda edýän tagallalarynda Hindistana bil baglap biler.

"Biz parahat, durnukly, demokratik we plýuralist Owganystany görmek isleýäris” diýip, Hindistanyň premýer-ministri çykyş etdi.

Hindistan Owganystana kömek berýän esasy döwletleriň biridir.

Owganystanda 2001-nji ýylda “Talyban” hökümetden çetleşdirilenden soň, Hindistan Owganystany dikeltmek üçin 1,3 milliard amerikan dollary töwereginde serişde goýberdi.
XS
SM
MD
LG