Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada azyndan 80 adam öldi


Şu gün Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda, Şabkadar şäherindäki harby türgenleşik merkezinde amala aşyrylan bomba partlamalarynda ölen adamlaryň sany 80-e ýetdi.

Ýerli polisiýa bu bomba partlamalarynyň ikisiniňem janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýar.

Maglumata görä, bu wakada pida bolanlaryň aglabasy şol harby türgenleşik merkezinde tälim alýan täze harbylar diýlip hasaplanylýar.

Bu wakanyň yzy bilen Pakistandaky Talyban söweşijileri bu partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstlerine alyp, munuň Osama bin Ladeniň ölümine jogap hökmünde gurnalandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG