Sepleriň elýeterliligi

Belarusda oppozisiýa lideri Sannikow azatlykdan mahrum edildi


Şu gün Belarusyň paýtagtynda geçen sud diňlenişiginde prokuraturanyň sülçüleri dekabrda prezidentlige dalaş eden oppozisiýa lideri Andreý Sannikowa 7 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorap çykyş etdiler.

Belarusyň prokuraturasy Andreý Sannikowa geçen ýylyň dekabr aýynda bikanun halk çykyşlaryny gurnanlykda we jemgyýetçilik düzgün-tertibini bozanlykda aýyplama bildirýär.

Belarusyň paýtagty Minskde dekabrda prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine protest bildirilip gurnalan protest çykyşlary üçin häzirki güne çenli 10-dan gowrak adama türme tussaglygy berildi.
XS
SM
MD
LG