Sepleriň elýeterliligi

“Amnesty International” täze hasabatyny ýaýratdy


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy halkara "Amnesty International" guramasynyň ýaýradan nobatdaky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan ýene-de alada döredýän ýurtlaryň hatarynda boldy.

Öz hasabatynda "Amnesty International" guramasy soňky bir ýylyň dowamynda Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrika regionynda azatlygyň we adalatlylygyň dabaralanmagy ugrunda edilýän talaplaryň has güýçlenendigine ünsi çekipdir.

Emma, beýleki tarapdan hasabatda Owganystan, Hytaý, Orsýet, Türkiýe we Özbegistan ýaly ýurtlarda ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň tussag edilmeleri, gynalmalary we öldürilmegi ýaly wakalaryň henizem alada döredýän wakalar bolmagynda galýandygy bellenipdir.
XS
SM
MD
LG