Sepleriň elýeterliligi

Siriýada tanklar arkaly gözegçilikler ýola goýuldy


Şu gün Siriýanyň dürli şäherlerinde planlaşdyrylýan protest çykyşlarynyň öňýany ýurduň şäherlerinde harby güýçler we tanktlar arkaly berk gözegçilikler ýola goýuldy.

Soňky günler Siriýanyň režiminiň protestçilere garşy gazaply güýç ulanýandyklaryna-da garamazdan, oppozisiýa aktiwistleri ýurduň dürli regionlarynda täze protest çykyşlarynyň gurnalmagyna çagyryş etdiler.

Soňky iki aýa golaý wagt bäri Siriýadaky protest çykyşlarynyň barşynda 800-e golaý adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG