Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýada «Arkadag» epiteti ýaňlandyryldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buharestde, 2011-nji ýylyň 12-nji maýy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buharestde, 2011-nji ýylyň 12-nji maýy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa soňky wagtlar Türkmenistanda «Arkadag» diýen mahabatlandyryjy at bilen ýüzlenmek syýasatynyň giň gerim alýandygy barada yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

Munuň şeýledigini ýurtda geçirilýän yzygiderli dabaralarda we resmi çärelerde-de görmek bolýar.

Köpleri geň galdyrdy

Türkmen prezidentiniň şahsyýet kultunyň ösdürilmegi bilen gönüden-göni baglanyşdyrylýan bu adyň şu hepde Rumyniýanyň paýtagty Buharestde-de ýaňlanmagy köpleri geňirgendirdi.

Rumyniýada ýokary bilim alýan türkmen studentleriniň bir topary Buharestiň aeroportunda prezident Berdimuhamedowy hut şu «Arkadag» epiteti bilen mahabatlandyryp garşy aldylar.

Fransiýanyň paýtagty Parižde ýokary bilim alýan özbegistanly student Dilnoze Türkmenistanyň prezidentiniň şahsyýetini wasp etmek boýunça türkmen häkimiýetleri tarapyndan gurnalýan şular ýaly çäreleriň Berdimuhamedowyň Günbatardaky abraýyny ýokary galdyrman, gaýta onuň abraýyna zyýan ýetirjekdigini öňe sürýär.

Turkmenistanly studentleriň Rumyniýada ony wasp etmeklerini bolsa, Dilnoze türkmen ýaşlarynyň şeýle çärelere mejbur edilmesi bilen baglanyşdyrýar.

"Haklary bar"

Emma beýleki tarapdan, Londonda ýerleşýän Uruş we parahatçylyk maglumatlar institutynyň ýerine ýetiriji direktory Jon MakLaud demokratik ýurtlarda dürli toparlaryň her dürli ideýalar bilen çykyş etmäge haklarynyň bardygyny belleýär.

“Gowudygyna ýa erbetdigine garamazdan, Ýewropada aşa sagçylaryň ýa kommunistleriň toparlary ýaly toparlaryň-da demonstrasiýalary her gün geçirilýär. Ýewropa ýurtlarynyň häkimiýetleriniň esasy aladasy şuňa meňzeş haýsydyr bir samasaw waka üns berip durman, ýurduň içindäki adam hukuklary bilen bagly düýpli ýagdaýlara üns bermekdir” diýip, MakLaud belledi.

Žurnalistleriň hukugyny goraýjy Serhetsiz reportýorlar guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Johann Bhir adam hukuklary we media azatlygy meselesinde dünýäde iň bir ýaramaz ýurtlaryň biri hasaplanylyp gelinýän Türkmenistanda döwlet liderine «Arkadag» epiteti bilen ýüzlenilmeginiň ýerliksizdigini aýdýar.

Ol, husuan-da, raýatlaryň hukugyna gezek gelende, Berdimuhamedowyň raýatlaryň arkasynda dag ýaly durup, olaryň hukugyny gorap bilmeýändigini öňe sürýär.

Ýewropanyň merkezinde...

“Berdimuhamedowyň şahsyýetiniň Rumyniýada şeýle at bilen mahabatlandyrylmagy, elbetde, alada dörediji ýagdaý. Rumyniýanyň häkimiýetleri beýle çäräni gadagan etmeseler-de, iň bolmanda, olar diktatoryň şahsyýet kultuny mahabatlandyrýan beýle çäräni berk ýazgarmalydylar. Beýle ýagdaý hakykatdanam kabul ederliksiz ýagdaý» diýip, Bhir ýagdaýa baha berdi.

Bhir adam hukuklary meselesinde özüni iň bir ýaramaz tarapdan tanadyp gelýän Türkmenistan ýaly ýurduň liderini, asla, Ýewropa ýurtlaryna çagyrmalymy ýa çagyrmaly däl diýen meseläniň özüniň çynlakaý meseledigini aýdýar.

Ol soňky wagtlar öz guramasynyň prezident Berdimuhamedowyň Fransiýa we Italiýa eden saparlaryna-da garşy çykyş edendigini hem belleýär.

Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan ildeşimiz Täzegül Ýewropada bilim alýan türkmen ýaşlarynyň ýurduň prezidentiniň şahsyýetini şeýle görnüşde wasp etmekleriniň olaryň geljekde Türkmenistanda-da özlerini şeýle alyp barjakdyklaryny görkezýändigini belläp, bu ýagdaý bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy.

Her nähili bolanlygynda-da, Ýewropanyň merkezinde türkmen prezidentiniň şahsyýet kultuny şöhlelendirýän «Arkadag» epitetiniň ýaňlanmagy köp synçylaryň gözünden sypmady we bu ýagdaý belli bir diskussiýalara sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG