Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahorluga garşy göreşýän hukukçy Alekseý Nawalnyý babatynda derňew geçirilýär


Parahorluga, haram gazanja garşy iş alyp barýan aktiwist Alekseý Nawalnyý özüne bildirilmegi mümkin jenaýat aýyplamasyndan gaçyp, ýurdy terk etmek niýetiniň ýokdugyny, günä bildirilen halatynda berk goranmagy maksat edinýändigini aýdýar. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu adwokat we blogçy özüne korrupsiýada bildirilýän aýyplamalary "toslanan zatlar" diýip häsiýetlendirdi.

2009-njy ýyldan bärde Orsýetiň prokurorlary Nawalnynyň garşysyna üç gezek derňew işini açdylar. Orsýetde resmiler we döwlet kompaniýalary tarapyndan edilýän korrupsiýa garşy iş alyp barýanlygy üçin ýurtda internetden peýdalanýanlar tarapyndan giňden tanalýan Nawalnyý bu derňew işlerine özüniň asla geň galmaýandygyny aýdýar.

Alekseý Nawalnyý bilen söhbet - I bölüm
please wait

No media source currently available

0:00 0:17:26 0:00
Wideo: Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky býurosynda geçirilen söhbetdeşligiň 1-nji bölümi

"Bu bir gutulgysyz töwekgellik, diňe bir töwekgellik hem däl – garaşsyz graždanlyk we syýasy iş alyp barýan her bir adam üçin, aýratyn-da, derňew alyp barýan adam üçin durmuşyň bir fakty. Men bu töwekgellige ozaldan düşünýärdim" diýip, Nawalnyý aýdýar.

Ýöne, öz sözlerine görä, ol ýurdy terk etmekçi däl we özüni aýyplaýanlar bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan çekinenok. Ol öz yzyna eýerýänleri korrupsiýa barada ele salan faktlaryny özüniň "RosPil" internet saýtyna ibremäge çagyrýar.

"Men ýurdy terk etmekçi däl. Bu işi etsem, häzir alyp barýan işlerim manysyz bolar. Adamlar özlerine abanýan howpy olar bilen deň paýlaşsaň, saňa ynanarlar. Londonda otursam, men Brýanskydaky adamlary öz yzyma eýerdip bilmerin, ýa bilerinmi?" diýip, Nawalnyý sorag berýär.

Bir ors gubernatoryna, hamana, nädogry maslahat berenligi üçin Nawalnyý babatynda derňew geçirilýär. Aýdylyşyna görä, bu ýaramaz maslahat netijesinde döwletiň bir agaç kompaniýasy 1,3 million rubl zyýan çekipdir.

Alekseý Nawalnyý bilen söhbet - II bölüm
please wait

No media source currently available

0:00 0:12:30 0:00

Wideo: Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky býurosynda geçirilen söhbetdeşligiň 2-nji bölümi

Bu aýdylýanlar 2009-njy ýyla degişli zatlar. Nawalnyý bilen beýleki tanymal blogçylaryň pikiriçe, bu onuň korrupsiýa garşy kampaniýasynda nyşana alnan esasy döwlet kompaniýalarynyň biriniň öç almak üçin edýän işi.

Nawalnyý bu işe haýsy kompaniýanyň jogapkärdigini anyk bilenok. Ýöne ol munuň özüniň döwlet nebit kompaniýasy "Transneftde" bolan korrupsiýany paş edensoň ýüze çykanlygyny aýdýar.

"Häzir bu işiň aňyrsynda kimiň duranlygyny aýtmak kyn. Meniň pikirimiçe, bu WTB bank we "Transneftiň" howpsuzlyk gulluklarynyň tagallasy bilen ýola goýlan zat. Munda has köp rol oýnaýanyň "Transneft" bolmagy mümkin. Sebäbi derňew işiniň ýola goýlandygyny maňa ilkinji gezek "Transneftde" bolan korrupsiýa baradaky dokumetleri neşir edenimden iki hepde soňra bildirildi" diýip, Nawalnyý aýdýar.

2010-njy ýylyň noýabr aýynda Nawalnyý özüniň ownuk paýdar hökmünde "Transneft" kompaniýasyndan edinen dokumentlerini ýerleşdiripdir. Bu dokumentler bu kompniýandan 4 milliard dollardan agdyk puluň başga ýere geçirilendigini görkezýär. Soňra-da ol: "Kimiň jogapkärdigini aýtmak kyn. Meniň duşmanym köp" diýip, sözüniň üstüne goşýar.
XS
SM
MD
LG