Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň “Yslam dikeldiş partiýasy” il arasyndaky at-abraýyny artdyrýar


 2006-njy ýyldan bäri Täjigistanyň “Yslam dikeldiş partiýasyna” 45 ýaşly telekeçi Muhiddin Kabiri ýolbaşçylyk edýär.

2006-njy ýyldan bäri Täjigistanyň “Yslam dikeldiş partiýasyna” 45 ýaşly telekeçi Muhiddin Kabiri ýolbaşçylyk edýär.

Täjigistanyň “Yslam dikeldiş partiýasy” (TYDP) ilata diňe dini wagyzlary hödürlemän, ýaşlaryň döwrebap meseleleri bilen gyzyklanýan partiýa hökmünde halk arasynda abraý almak ugrunda hereket edýär. Bu partiýanyň agzalary dürli sosial proýektlere goşulyşyp, ilata gündelik duşýan kynçylyklary çözmäge-de ýardam edýärler.

Täjik häkimiýetleri tarapyndan Atowullo Rakibowyň çig kerpiçden salnan jaýy ýykylmaly edilende, bu uly maşgalanyň baştutany, bäş çaganyň atasy aýaly bilen Duşenbä baryp, prezidentiň köşgünden adalaty gözledi. Köşkden goldaw tapmadyk Rakibowlar Täjigistanyň ombudsmanyna, hatda BMG-niň ýerli bölümine-de ýüz tutdular. Emma bu guramalardan hem olara oňyn jogap almak başartmady. Diňe TYDP kyn ýagdaýa düşen maşgala ýardam bermäge, ýagny täze öý gurmaga kömek etdi.

Bu maşgala bilen bagly waka “Facebook” sahypasynda ýerleşdirilensoň, bu barada Täjigistanda halk arasynda köp gürrüň edilip başlandy. Täjigistanyň ýerli ilaty ýurtda syýasy partiýalaryň hereket edýänligini diňe saýlawlara iki aýa golaý wagt galanda duýýandyklaryny aýdýarlar. Diňe TYDP şeýle partiýalaryň hataryna girmeýär. Bu partiýanyň agzalary täjik parlamentiniň 96 ornundan diňe ikisini eýeleýändigine garamazdan, onuň halk arasyndaky abraýy gün-günden artýar.

1990-njy ýyda düýbi tutulan TYDP Merkezi Aziýa sebitinde resmi hasaba alnan ýeke-täk yslamçy partiýadyr. 2006-njy ýyldan bäri bu partiýa 45 ýaşly telekeçi Muhiddin Kabiri ýolbaşçylyk edýär. Rakibowlaryň maşgalasy bilen bagly waka bu partiýanyň ilata ýardam berip, sosial meseleler boýunça alyp barýan işleriniň diňe bir mysaly.

Düşenbeli garaşsyz analitik Parwis Mullojonowyň aýtmagyna görä, bu partiýa diňe ynsanperwerlik maksady bilen ilata ýardam bermän, onuň halk arasynda abraý gazanmak ugrunda işlenip düzülen strategiýasynyň bardygyny-da aýdýar.

TYDP-niň lideri Muhiddin Kabiri ilata ýardam bermek boýunça alyp barýan işleriniň syýasat bilen bagly däldigini aýdýar. Media ulgamynda iş alyp barýan Kabiriniň esasy pişesiniň gandboll oýnudygy aýdylýar.

Kabiri: “Adamlar biziň edaramyza kömek sorap gelýärler, olaryň käbirleri maliýe kömegine mätäçlik çekip gelýär ýa-da dürli meseleler boýunça biziň maslahatymyzy soraýarlar. Biz hem elden gelen kömegi etmäge çalyşýarys” diýip, sözüni şeýle dowam etdirdi: “Biz muňa dini borjumyz hökmünde garaýarys. Ilatyň yslam pariýasyndan beýleki partiýalara garanda has köp zatlara garaşýandygyny bilýäris”. Kabiri hut şol sebäpden ildeşleriniň ynamyny ödemäge çalyşýandyklaryny düşündirdi.

Adamlaryň ynamyny gazanyş


Geçen ýylyň maý aýynda Täjigistanyň Kulab şäherini suw basanda, TYDP-niň aktiwistleri pul toplap, betbagtçylygyň pidalaryny azyk bilen üpjün etmäge çalyşdylar. Yslamçy partiýanyň agzalary bu şäherde galyp, ýaşaýjylara öýlerini hem köçelerini arassalamaga kömek etdiler.

“Biz ilat arasynda partiýamyz barada dürs, hakykata laýyk gelýän pikir-garaýşlaryň bolmagyny isleýaris. Häzir diňe biziň regionymyzda däl, eýse bütin dünýäde “ Yslamçy” diýlip atlandyrylýan partiýa howatyrlanma bilen garalýar” diýip, TYDP-niň lideri Muhiddin Kabiri aýdýar.

“Men TYDP terrorçylardan hem wahhabylardan ybarat diýip pikir edýärdim” diýip, Kulab şäheriniň ýaşaýjysy Ahmad Ibrohim Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. “Emma tebigy betbagtçylykdan soňra bu partiýanyň liderleriniň hem aktiwistleriniň ellerini çermäp, bize kömek edişlerini görüp, men bu partiýa baradaky garaýşymy üýtgetdim” diýip, Ibrohim aýdýar.

Soňra Ibrohim şeýle diýýär: “Halk arasynda bolup, ýaşaýjylara ýardam etmek, ýokary tribunadan söz sözlemekden tapawutlylykda, ilata başgaça täsir edýän eken. Bu partiýanyň aktiwistleri üsti-başlaryny palçyga bulap, bize ýardam beren mahaly biz olara terrorçylar, ekstremistler diýlen gep-gürrüňiň ýalandygyna göz ýetirdik. Şeýle hem TYDP-niň aktiwistleri ilat arasynda dawa-jenjel döredýärler, adamlary öjükdirýärler, ýarag ýaýradýarlar diýlen gep-gürrüňleriňem esassyzdygyna düşündik”.

Ibrohimiň aýtmagyna görä, halka ýardam bermek bilen bu partiýanyň agzalary öz syýasy bähbitlerini yzarlaýan bolmaklary mümkin: “Belki, olar halkyň goldawyny gazanyp, parlamentde has köp orny eýelemek isleýändirler. Emma adamlara kömek etmek arkaly şol maksatlaryna ýetýän bolsalar, garşylyk ýok, goý, ýetsinler”.

Kulab şäheri Täjigistanyň prezidenti Imomoli Rahmonyň doglan ýeri. Bu şäheriň ýaşaýjylarynyň köpüsi ýurduň ýolbaşçysyny goldap, TYDP-niň agzalaryna juda seresap garaýardylar. Bu şäheriň ýaşaýjysy Ibrohimiň aýtmagyna görä, ýaşaýjylar ýurtda hereket edýän beýleki partiýalar barada diňe saýlawlaryň öňüsyrasynda bilip galýarlar.

Ýaşlara ýüzlenilýär

Beýleki syýasy partiýalardan tapawutlykda TYDP “Facebook”, “Youtube” ýaly kop ulanylýan sosial aragatnaşyk saýtlarynyň hözürini görýär. Bu bolsa partiýanyň ýaş agzalarynyň sanynyň artmagy ugrunda hereket edýänligini görkezýär.

TYDP-niň ýolbaşçysy Kabiri hem partiýanyň beýleki ýolbaşçylary ýygy-ýygydan Duşenbede hem Täjigistanyň beýleki şäherlerinde ýaşlar bilen duşuşyk geçirýärler.

Kabiri (çepden ikinji) täjik häkimiýetleri tarapyndan öýleri ýykylmaly edilen Atowullo Rakibowyň maşgalasy bilen duşuşýar.



Bu partiýanyň meýletinçileriniň köpüsi ýaşlar hem ýokary okuw jaýlarynyň studentleri. Olar partiýanyň sosial programmalaryny durmuşa geçirmäge hem syýasy kampaniýalary ýöretmäge ýardam berýärler.

Kabiri öz çykyşlarynyň birinde Täjigistanda Yslam döwletini döretmek maksadynyň ýokdugyny aýdyp, ýurtda yslam jemgyýetiniň ösmegini isleýändigini belläpdi.

Ýöne partiýanyň ýolbaşçysy Kabiri öz syýasy maksatlaryna ýetmek üçin ilata kömek etmeýänliklerini aýtsa-da, Täjigistanyň ilatynyň köpüsi bu partiýa şübhe bilen garamagyny dowam etdirýar. Käbir bilermenler TYDP-niň öňde goýan maksadynyň iru-giç häkimiýet başyna gelmekden ybaratdygyny aýdýarlar. Başga ekspertler bolsa bu partiýa yslam döwletlerinden maliýe ýardamy berilýär diýýärler.

Emma TYDP özlerine gurply telekeçileriň kömek edýändigini, galyberse-de partiýany 40 müň adamdan ybarat agzalarynyň her aý töleýän agzalyk tölegleriniň hasabyna dolandyrýandyklaryny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG