Sepleriň elýeterliligi

Magtymguly – ruhy köpri


Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän Magtymguly Pragynyň heýkeli

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän Magtymguly Pragynyň heýkeli

18-nji maýda Türkmenistanda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gün belleniler. Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni Türkmenistanda ilkinji gezek 1971-nji ýylda bellendi.


Ýazyjy Hudaýerdi Hally Türkmenistanda iş alyp barýan garaşsyz žurnalist, edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew bilen bu sene barada söhbetdeş boldy.

H. Hally: Ýatlap geçsek, Magtymgulynyň Poeziýa baýramçylygy öňräkden, sowetler zamanynda başlanypdy. Ol öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe birneme özgerdi. Prospekte – şa ýoluna şahyryň ady dakyldy. Aktokaýa – şahyryň guburyna zyýaratlar guraldy. Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy şu baýramçylygyň öňüsyrasynda berlip başlandy. Soňra bu düzgünler hem üýtgedi. Indi şu günki günde Magtymgulynyň Poeziýa baýramçylygynyň bellenilişi nähili?

D. Ýazgulyýew: Gynansagam, häzirem Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygy aýratyn bellenilmän, "Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni" diýlip atlandyrylyp, goşa baýramçylyk hökmünde bellenýär. Has dogrusy, Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygy syýasy çäreleriň içinde ýitip gidýär. Ynha, meniň elimde maý aýynda döwlet derejesinde bellenip geçilmeli köpçülik çäreleriniň sanawy. Elbetde, bu ýylda-da 14-16-njy maýda döredijilik işgärleriniň Magtymguly Pyragynyň hem-de Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýarat etmegi meýilleşdirilipdir.

Ýöne ol zyýarata diňe hökümetiň saýlan adamlary gitmäge hakly. Şol ýere äkidilýän döredijilik işgärleri ýurda gelenlerinden soňra, Beýik Galkynyş zamanasynda "Arkadagyň" çäksiz tagallasy bilen Magtymgulynyň, onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň guburyna zyýarat etmek arzuwlarynyň hasyl bolandygyny aýdyp, prezidente çäksiz alkyş okarlar.

Bu baýramçylyga gabatlap, "Täze Galkynyş zamanasy hem Magtymguly Pyragy" atly ylmy maslahat ýa-da "Halkymyzyň ebedi agzybirligi – Arkadagymyz hem Magtymgulymyz" atly kitap sergisi hem meýilleşdirilipdir.

Indi "Goşa baýram" diýlip atlandyrylýan 18-nji maýdaky syýasy çärelere göz aýlasak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň binasynyň, Prezidentiň köşgüniň binalar toplumynyň, hatda "Nusaý" myhmanhanasynyň durky täzelenen binasynyň açylyş dabarasynyň hem beýik akyldarymyzyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyndan öň meýilleşdirilendigini aýtmak gerek.

Sözümi jemlänimde, bu "Goşa baýram" diýlip resmi atlandyrylýan baýramçylyk edil S. Nyýazow döwründäki ýaly, doly syýasatlaşdyrylan. Ýöne ol döwürdäkiden bir tapawut: öň halkyň gözünden düşen ýaranjaňlar "Beýik Serdaryna" tagzym eden bolsalar, häzir prezidenti "Arkadag" diýip mahabatlandyrýarlar. Şeýlelikde, Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygyny hem ýaranjaňlar Magtymgulynyň adyny ulanyp, prezidenti, onuň yglan eden Galkynyş zamanasyny öwmäge döredilen pursada öwürdiler.

H. Hally: Döwletmyrat, seniň pikiriňçe, Poeziýa baýramçylygyny umumy halk baýramçylygyna öwürmek, has şowhun-şagalaňly we ýatda galarlykly edip geçirmek üçin nämeler etmeli?

D. Ýazgulyýew: Ony umumy halk baýramçylygyna öwürmek üçin, "goşa baýramçylyk" diýen nysakdan el çekip, aýratyn baýramçylyk hökmünde ykrar etmeli. Bu baýramçylygy syýasy çäreleriň toplumyna öwürmekden el çekmeli. Bizde bu ugurda belli bir tejribeler SSSR döwründe bolupdy ahyry.

Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygyna bagyşlap, Magtymgulynyň ömür-döredijiligine degişli çeper eserleriň, poeziýanyň bäsleşigini yglan etmeli. Ol bäsleşigi bu baýramçylygyň öň ýanynda jemlemeli. Magtymgula bagyşlanan goşgy okaýyşlaryny gurnamaly, akyldara bagyşlanyp geçiriljek halkara ylmy maslahaty gös-göni beýik akyldaryň çäksiz döredijiliginiň problemalaryna, öwrenilişine bagyşlamaly.

Biz Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygynyň dabaraly bellenýän döwründe studentdik. Ynha, şol ýyllarda student bolsagam, poeziýa baýramçylygyna gabatlanyp geçirilýän halkara ylmy maslahata arkaýyn gatnaşypdyk. Şonda Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygy berk syýasy galyp boýunça geçirilmän, erkin geçirilýärdi. Bir ýerde onuň goşgularyna aýdym ýaňlanyp duran bolsa, ýene bir ýerde şahyryň ömür-döredijiligine bagyşlanan goşgy okaýyşlar, üçünji bir ýerde bolsa akyldaryň poeziýasyna bagyşlanan halkara ylmy konferensiýalar geçirilýärdi. Adamlar isleg-arzuwlaryna görä, geçirilýän döredijilik agşamlaryna gatnaşyp dynç alýardylar. Häzirem şol ýagdaýa gaýdyp gelmeli.

Garaz, biz Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygynda Magtymgulynyň umman döredijiligine syýahat etmeli. Şeýle edilende ol baýramçylyk halk baýramçylygyna öwrülip, ilatymyz bu baýramçylykda dynç alar.

H. Hally:
Bizde toý-baýramçylygyň bir möhüm şerti toýa myhman çagyrylýar. Myhman çagyrmak dabarasynyň nähili dabaraly geçirilişini biz Gorkut atanyň kitabyndanam bilýäris. Myhman çagyrmak meselesine sen nähili garaýaň?

D. Ýazgulyýew: Türkmen edebiýatyny öwreniji daşary ýurt alymlary Magtymguly Pyragyny türkmeniň milli şahyry hökmünde ykrar edýärler. Bu akyldaryň poeziýa baýramçylygynyň jahandaky ähli türkmenleriň baýramçylygydygyny düşündirip oturmagyň hajatam ýok bolsa gerek. Şonuň üçin halkymyzyň ata Watany bolan ýurdumyz milli şahyrymyz Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygynyň merkezine öwrülmeli. Munuň üçin, daşary ýurtda ýaşaýan magtymgulyşynaslary – Ýusup Azmun ýaly alymlarymyzy, şahyryň sözlerine aýdym aýdýan bagşylarymyzy, oňa bagyşlap eser döreden ýazyjylarymyzy ýörite çagyrsak, bu baýramçylygy hasam dabaralandyryp, ähmiýetini artdyrardyk.

H.Hally: Şu aýdanlaryň bilen baglanyşykly ýene bir sowal, bizde toýdan her kim tamakin diýen düşünje bar, hatda toýuň öňüsyrasy öten-geçenlerem ýatlanylýar. Şu babatda aýtjak zadyň barmy?

D.Ýazgulyýew: Bar, Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygy owaly bilen biziň nusgawy edebiýatymyzyň baýramçylygy bolmalydyr. Biz bu ýerde Emir Muizziden başlap, Baýram hana, Andalyba, Şabendä çenli, galyberse-de bu akyldarlardan soňra ýaşap geçen Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji ýaly ähli nusgawy şahyrlarymyzy ýatlamalydyrys.

H.Hally:
Olaryň Magtymguly bilen baglanyşygyny nämede görýäň?

D.Ýazgulyýew: Magtymguly geçmiş bilen öz döwrüni, öz döwri bilenem häzirki döwri baglanyşdyrýan örän beýik ruhy köpri. Meniň asyl kärim edebiýatçy, golýazmaçy. Mysal üçin, men 1995-nji ýylda milli Golýazmalar institutynda işläp, Magtymguly Pyragynyň, ondan öň hem soň ýaşap geçen nusgawy şahyrlarymyzyň şol döwürde bar bolan golýazmalaryny yzarlap öwrendim. Magtymguly Pyragynyň özünden öň ýaşap geçen Hoja Ahmet Ýasawydan, Hekim Atadan, Alyşir Nowaýydan täsir alandygyny açyk aýtsa bolar. Ýa bolmasa, beýik akyldardan soň ýaşap geçen nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň täsiriniň uludygyny aýtmagymyz täzelik däl bolsa gerek. Biz ol täsirler hakyndaky pikirlerimizi 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda türkmen metbugatynda, halkara ylmy konferensiýalarda beýan edipdik. Mahlasy, milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Poeziýa baýramçylygyny syýasy çärelerden halas etsek, öz-özünden türkmen nusgawy edebiýatymyzyň baýramçylygyna öwrüler.

H.Hally: Bu aýdýanlaryňy amala aşyrmaga döwletiň mümkinçiligi barmy?

D.Ýazgulyýew: Hawa, bar. Aşgabatda geçirilýän islendik ylmy konferensiýa azyndan dünýäniň 20-den gowrak döwletinden alymlar hem bilermenler çagyrylýar. Onsoň näme üçin Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygyny şeýle giň çäkde geçirmeli däl?! Wamberi ýaly on dokuzynjy asyrda ýurdumyza syýahata gelenler "Magtymguly Pyragy diýmek— "türkmen" sözüniň sinonimi" diýmekdenem çekinmändirler. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň poeziýa baýramçylygyny geçirmek üçin serişde gysganmaly däl-de, diňe göz üçin geçirilýän çäreleri, halkara ylmy-amaly maslahatlary gurnamagy bes etmeli. Magtymguly Pyragynyň poeziýa baýramçylygyny halkymyzyň döredijilik hem oňa akyl ýetiriş baýramçylygyna öwürmeli. Bizde ýolbaşçylarymyzyň syýasy erki bolsa şu aýdanlarymyza ähli mümkinçilik bar diýip, hasap edýärin.

H.Hally: Seniň öz asyl käriň bolan edebiýaty öwreniş ylmy barada-da bir sowal beresim gelýär. Magtymgulyny öwrenmekde, ony halk köpçüligine has golaý hem elýeterli etmekde nähili işler edilse gowy bolar?

D.Ýazgulyýew: Ilki bilen SSSR döwründe Magtymguly Pyragyny kommunizmi, häzirem Galkynyş zamanany arzuwlan şahyr hökmünde çemeleşilýän tendensiýadan el çekmeli. Beýik akyldarymyzyň diňe saýlanan goşgularynyň däl-de, ähli döredijiliginiň düşündirişli tekst bilen çap edilmegini zerur hasaplaýaryn. Aşyrpur Meredow ýaly halypa alymlarymyzyň şahyryň poeziýasyna bagyşlan işlerini, düşündirişli sözlüklerini gyssagly çap etmeli. Magtymguly şahyrymyz şeýle-de türkmeniň kalby, emma Garaşsyzlyk ýyllarymyzda diktator hem onuň ýaranjaňlary tarapyndan ruhy ynjydylan beýik akyldarymyza hakyky hormatyny dikeltmeli.

Hudaýberdi aga, hatda şahyryň "Orramsydan bolan haramhor begler, ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady" diýen setirleri bolan "Döke başlady" goşgusyny okamak ýa-da şol goşga döredilen aýdymy aýtmak häzirem gadagan. Ýolbaşçylarymyz beýik söz ussadymyzyň hormatyny dikeltmek üçin, onuň goşgularyna girizilen gadaganlygy doly aýyrmaly. Has dogrusy, halkymyza Magtymguly Pyragynyň milli şahyrdygyna guwanmak bagtyny gaýdyp bermeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG