Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Liwiýada parahat ilatdan pidalary NATO tassyklamaýar


Liwiýadaky NATO güýçleriniň komandowaniýesi ýurduň gündogaryndaky Brega şäherine howadan urlan zarbalarda parahat ilatdan ölenleriň bardygyny tassyklap bilmeýär.

NATO-nyň şenbe güni Brýusselde ýaýradylan beýannamasynda anna güni gije zarba urlan binanyň, razwedkanyň maglumatyna görä, harby obýekt bolmalydygy bellenýär.

Liwiýa häkimiýetleri NATO-nyň Brega şäherine uran zarbasynda parahatçylyk üçin doga-töwir etmek üçin ýygnanan 11 sany dini lideriň ölendigini öňe sürýär.

Döwlet telewideniýesiniň beren habaryna görä, Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň bolýan ýerine “NATO-nyň bombasy ýetip bilmez”.
XS
SM
MD
LG