Sepleriň elýeterliligi

Ýitirim bolan amerikan žurnalistiniň nirededegi näbelli


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi 29-njy aprelde Siriýada ýitirim bolan amerikan žurnalisti Doroti Parwiziň nirededigi barasynda özünde informasiýanyň ýokdugyny aýtdy.

Ýakynda Siriýanyň ABŞ-daky ilçihanasy žurnalistiň 1-nji maýda eýran konsuly bilen Tährana ugradylandygyny, çünki onuň möhleti dolan eýran pasporty bilen Damaska gelmäge synanyşandygyny habar berdi.

Daroti Parwiz ABŞ-nyň, Kanadanyň we Eýranyň graždanydyr. Ol “Al-Jazeera” telekanaly üçin işleýär.
XS
SM
MD
LG