Sepleriň elýeterliligi

Ors prezidenti Orsýet-NATO geňeşine hat ýollady


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Orsýet-NATO geňeşine agza ýurtlaryň baştutanlaryna ýollan hatynda raketa hüjümlerinden goranyş boýunça Orsýetiň pozisiýasyny beýan etdi.

Ýewropadaky raketadan goranyş boýunça bilelikdäki sistemanyň toparlaryny goşmak bilen strategik durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak üçin Orsýetiň jogapkärçilik boýunça paýyny öz üstüne almaga taýýardygyny tassyklady.

“Ýewropanyň raketadan goranyş sistemasyna Orsýet deňhukukly derejede gatnaşsa, ol diňe şonda netijeli bolar”diýlip, hatda bellenendigini Kremliň metbugat gullugy habar berdi.
XS
SM
MD
LG