Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň inwestisiýa maksatnamalary taslanar


Türkmen mediasynyň habar bermegine görä, maliýe ykdysady edaralar döwletiň inwestisiýa maksatnamalarynyň taslamasyny taýýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýan kararyna görä, ony gurnamak maliýe hem-de ykdysady we ösüş ministliklerine tabşyrylýar. Olar 2012-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny hem taýýarlar.

Prezidentiň kararynda bu taslamalary 2011- nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek hem kesgitlendi diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG