Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatdaky at çapyşykda 100-e golaý at bäsleşdi


Ýekşenbe güni Aşgabatdaky atçylyk toplumynda at çapyşyk boldy. Onda 100 çemesi ahalteke aty bäsleşdi diýip, TDH habar berdi.

Iki ýaşar atlaryň arasynda 500 metr aralyga bolan bäsleşikde Mah we Ýeňiş atly atlar iň gowy netijäni görkezdiler.

Ýene-de iki ýaşar atlaryň arasynda 1,000 metr aralyga bolan çapyşykda Şa, Bahar we Gudrat atly atlar öňe saýlandylar.

Üç ýaşar atlaryň arasynda 1,200 metr aralyga bolan bäsleşikde Gutlysakar we Miraman ýeňiji boldy.

Üç ýaşar atlaryň arasynda 1,400 metr aralyga bolan çapyşykda Amanbek atly at birinji boldy.

Dört we ondan uly ýaşly atlaryň arasynda 2,000 metr aralyga bolan bäsleşikde Gowga atly at ýeňiji boldy diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG