Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri 7 protestçini öldürdi


Aktiwistleriň beren maglumatyna görä, ýekşenbe güni Siriýanyň goşunlary Tel Kelah şäherinde proteste çykan demokratiýanyň tarapdarlaryna garşy ot açanda azyndan 7 adam ölüpdir. Bu şäher Siriýanyň Liwan bilen serhedine golaý ýerleşýär.

Soňky hepdelerde müňlerçe adam Siriýanyň günbataryndan Liwana geçdi. Olar hökümete garşy proteste çykanlary howpsuzlyk güýçleriniň basyp ýatyrmagy bilen dörän bidüzgünçiliklerden gutulmak islediler.

Adam hukuklaryny goraýan toparlar mart aýynyň ortalaryndan bäri prezident Başar al-Assadyň režimine garşy geçirilen protestlerde 780-e golaý adamyň ölendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG