Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejad Hameneýi bilen oňşuksyzlyk ýok diýýär


Şu gün Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat ýurduň Baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen öz arasynda oňşuksyzlyklaryň bardygy barada peýda bolan soňky maglumatlary ret edip, çykyş etdi.

Ýöne döwlet telewideniýesine bu barada beren interwýusynda prezident Ahmedinejat «oňşuksyzlyklaryň sebäbi» diýlip görkezilýän wakalar barada welin dil ýarmady.

Köp habar serişdeleri prezident Ahmedinejat Eýranyň aňtaw gullugynyň başlygy Heýdar Moslehini wezipesinden boşatmak barada karar çykarandan soň, onuň bilen Aýatolla Ali Hameneýiniň arasyna tow düşendigini ýazypdylar.

Prezident Ahmedinejat şu gün telewideniýede eden çykyşynda özüniň Aýatolla Ali Hameneýä öz atasy ýaly garaýandygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG