Sepleriň elýeterliligi

Kaddafini tussag etmek hökümini çykarmak soraldy


Şu gün Hagadaky Halkara sudunyň sülçüsi Lýuis Moreno-Okampo suduň sudýalaryndan Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafini, onuň ogly Saif al-Yslamy we Liwiýanyň aňtaw gullugynyň başlygy Abdullah al-Sanosusini tussag etmek barada höküm çykarmaklygy sorady.

Sülçi Lýuis Moreno-Okampo Liwiýanyň bu resmileriniň köpçülikleýin adam gyrmakda we ynsanýete garşy jenaýat etmekde günälidiklerini aýdýar.

Halkara sudunyň sudýalary indi sülçüniň hödürlän dellillerine garap, Liwiýanyň bu resmileri barada gutarnykly karar çykararlar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG