Sepleriň elýeterliligi

logo-print

HWF-niň başlygy amerikan sudunda soraga çekiler


Halkara walýuta fondunyň başlygy Dominik Straus-Kan Nýu-Ýorkdaky bir myhmanhananyň hyzmatçysyny jynsy taýdan zorlanlykda bildirilýän aýyplamalar boýunça şu gün bu şäheriň sudunda jogap berip çykyş eder diýlip garaşylýar.

Nýu-Ýorkyň polisiýasy ony şenbe güni Nýu-Ýorkdan Pariže ugramakçy bolup durka, aeroportda tussag edipdi.

62 ýaşly Dominik Straus-Kan 2007-nji ýylyň sentýabrynda Halkara walýuta fondunyň direktory wezipesine saýlanypdy.

Mundan daşary, ol 2012-nji ýylda Fransiýada geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda-da sosialistleriň adyndan prezidentlige dalaş eder diýlip garaşylýardy.
XS
SM
MD
LG