Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” saud arabystanly diplomaty öldürdi


Şu gün Pakistandaky “Talyban” topary Karaçi şäherinde saud arabystanly diplomaty öldürendiklerini tassyklap, beýanat ýaýratdy.

“Talyban” toparynyň sözçüsi öz şahsyýetini anyklaşdyrmazdan «Roýter» habar agentligine beren interwýusynda tä amerikan güýçleri “Al-Kaýdanyň” agzalaryny yzarlamaklaryny we söweşijilere garşy raketa hüjümlerini bes edýänçäler, şeýle çäreleriň dowam etdiriljekdigini aýdypdyr.

Şu gün Saud Arabystanyň ilçihanasy Pakistanyň Karaçi şäherinde öldürilen bu diplomatyň şu şäherdäki wekilhananyň diplomaty Hassan al-Kahtanidigini tassyklady.
XS
SM
MD
LG