Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň harbylary protestçilere garşy ot açdylar


Ýekşenbe güni agşam Ysraýylyň Palestina, Siriýa we Liwan bilen aralygyndaky serhet ýakalarynda gurnalan protestlerde Ysraýylyň harbylary protestçilere garşy ot açdylar.

Wakada azyndan 12 adamyň ölüp, onlarça adamyň ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Ysraýylyň serhet ýakalaryndaky bu protestler 1948-nji ýylda Ysraýyl döwletiniň döredilen gününe gabatlap palestinlileriň «Nakba», ýagny, «weýrançylyk» ady bilen belläp geçýän gününe gabatlanyp gurnaldy.

Ysraýyl döwletiniň döredilmegi netijesinde ýüz müňlerçe palestinliler özleriniň ozalky ýaşap oturan territoriýalaryndan göçürilipdiler.
XS
SM
MD
LG