Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda azygyň bahasy “keýigiň şahyna” çykdy


Täjigistanda apreliň ahyrynda sygyr etiniň bir kilosy 21 somoni çemesidi, ýagny 5 dollara deňdi. Emma sanlyja günde ol 30 prosentden gowrak gymmatlap, 28 somonä deň boldy.
Täjigistanda apreliň ahyrynda sygyr etiniň bir kilosy 21 somoni çemesidi, ýagny 5 dollara deňdi. Emma sanlyja günde ol 30 prosentden gowrak gymmatlap, 28 somonä deň boldy.

Täjigistanda köp maşgala üçin adaty ertirlik: çörek, çaý we gant. Emma geçen aý azyk önümleriniň bahasy 30 prosentden gowrak galansoň, köplere şeýle ertirligem elýetmez boldy. Täjigistan bahalaryň bu soňky ýokarlanmagyny ýangyjyň nyrhynyň ösmeginden görýär. Şeýle ýagdaý haçanda Orsýet Täjigistana satýan nebiti üçin tölegleri 5%-den gowrak galdyrandan soň boldy.

Täjigistan ulanýan nebit önümleriniň aglabasyny Orsýetden satyn alýar. “Nyrhlaryň “keýigiň şahyna” çykmagy ilatyň ähli zatda tygşytly bolmalydygyny aňladýar” diýip, Duşenbede ofisde işleýän Talab Mirzoýew aýdýar. Ol 800 somonä, ýagny 177 dollara deň aýlyk alýar. Emma ol ähli zatda pul tygşytlamaga çalyşýar.

“Men ulaga münmän, işe pyýada gatnaýan we şeýdibem pul tygşytlaýan. Men restoranda ýa kafede nahar iýemok we günortanlygy iň arzan ýerde edinmäge çalyşýaryn. Biz bazardan çörek satyn alman, öýde özümiz bişirýäris” diýip, Mirzoýew aýdýar.

Ýurtda köpler üçin et iýmek juda baý ýaşamagyň alamaty hasaplanýar. Apreliň ahyrynda sygyr etiniň bir kilosy 21 somoni çemesidi, ýagny 5 dollara deňdi. Emma sanlyja günde ol 30 prosentden gowrak gymmatlap, 28 somonä deň boldy. Iki hepde mundan öň 50 kilolyk bir halta unuň bahasy bolsa 90 somoni çemesidi, ýagny 20 dollardy. Häzir ol 129 somoni.

Adatça, gündogardaky Badahşan welaýatynda galsa-da, nyrhlar demirgazykdaky Sogd regionynda ýeterlik durnukly bolýardy.

Hökümet çäreleri

Häkimiýetler 60 million somonilik däne we ýangyç satyn alýandyklaryny yglan etdiler. Şonuň ýaly-da olar ýagdaýy agyr maşgalalara, şol sanda garry we maýyp adamlara 260 million somonä deň goldaw berjekdiklerini aýtdylar.

Ilatyň närazylygynyň ösýändigi üçin Duşenbäniň häkimi bazarda söwda edýänlere unuň we etiň bahasyny arzanlatmagy tabşyrdy. Emma et satýanlar dükanlaryny ýapdylar. Olar arzan nyrhlaryň öz çykdajylaryny ödemeýändigini we girdeji getirmeýändigini aýdýarlar. Ýöne ýapylmadyk dükanlar, bu pursatdan peýdalanyp, hili pes etleri satmaga başladylar.

“Eger sen bir kilogram et satyn alsaň, onuň üçden biri süňk we ýag” diýip, Duşenbäniň ýaşaýjysy Nioýat Han aýtdy. Ol ýerli bazara et almaga gelse-de, eli boş gitdi.

Duşenbede söwda we bazarlara gözegçilik edýän döwlet edarasynyň başlygy Asomiddin Rizoýew öz edarasynyň et we daýhanlardan oba hojalyk önümlerini satyn almak üçin 1 million çemesi dollar alandygyny aýtdy. “Biz şeýle ýol bilen Duşenbäniň bazarlaryny elýeterli bahaly we ýokary hilli önümler bilen üpjün edýäris” diýip, ol öz sözüniň üstüni ýetirdi.

“Häzir meniň orunbasarym Sogd welaýatynda. Ol Duşenbe üçin oba ilatyndan täze et satyn aldy. Meniň beýleki orunbasarym bolsa Howaliň we Baljuwon regionlaryndan geldi. Ol bu regionlardan 200 sany mal satyn aldy. Häzir biz mallary daýhanlaryň özlerinden satyn alýarys. Biz dellallary azaltmak isleýäris” diýip, Rizoýew aýtdy.

Kimiň günäsi?


Duşenbeli garaşsyz analitik Firuz Seýidowyň pikiriçe, hökümet bu problemany anyk ädimler bilen uzak möhletiň içinde çözüp biler. Ol nyrhlara göni täsir edýän birnäçe geosyýasy meseläniň bardygyny hem belledi.

“Täjigistan öz ulanýan gallasynyň 60-70 prosentini we nebit önümleriniň, himiki dökünleriniň ählisini satyn alýar. Olary satýan döwletler nyrhlary galdyrýarlar, Duşenbe-de olaryň karary bilen ylalaşmaýar. Bu bolsa, problema döredýär” diýip, Seýidow aýtdy.

Seýidow ýaly ekspertleriň pikiriçe, Täjigistan azyk önümleriniň importyny kemeltmeli we galla, kartoşka hem beýleki bakja önümleriniň öz ýurtlarynda köpräk öndürilmegi üçin oba hojalygyna ünsi güýçlendirmeli.

Prezident Rahmon şu ýylyň başlarynda eden çykyşynda bahalaryň ösmeginde, hususan, daýhanlary aýyplady. “Bahalar galýar. Sebäbi siz geçen ýyl ýeterlik işlemediňiz we tabşyryklary wagtynda ýerine ýetirmediňiz” diýip, Rahmon aýtdy.

Emma daýhanlar başgaça pikir edýärler. Duşenbäniň golaýyndaky Hisor etrabynda 24 gektar ýere galla ekýän Haýydaly Buryýew tohum, ýangyç, himiki dökünler we beýleki çykdajylar üçin 6 müň dollar sarp edendigini aýdýar.

“Bu möwsümiň diňe başlangyjy. Şonuň ýaly-da men salgyt tölemeli, üstesine-de, daýhanlaryň öňünde her ädimde päsgelçilik döretmäge çalyşýan resmilere para bermeli. Onsoň men nädip bahalary arzan edeýin?” diýip, Buryýew sorag berýär.

Buryýewiň pikiriçe, hökümet salgytlary azaldyp, daýhanlara elýeterli karz pul bermeli hem-de olaryň öz önümlerini bazarlarda satmagyna has köpräk mümkinçilik döredip, oba hojalygyny ösdürmeli.
XS
SM
MD
LG