Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubaregiň aýaly pul serişdelerini döwlete geçirýär


Müsüriň häkimiýetden çetleşdirilen ozalky lideri Hosni Mubaregiň aýaly Suzanna Mübärek şu gün özüniň bank hasaplaryndaky pullaryny döwletiň haýryna geçirmekçidigini mälim etdi.

Suzanna Mubaregiň bu karary onuň özüne garşy korrupsiýa bilen baglanyşykly bildirilýän aýyplamalar boýunça häkimiýetler bilen barlyşyga gelmek ugrunda äden ädimi diýlip hasaplanylýar.

Müsüriň häzirki häkimiýetleri ýurduň ozalky lideri Hosni Mubarege we onuň maşgala agzalaryna döwletiň milliardlarça dollar serişdesine bikanun eýe bolmakda aýyplama bildirýärler.
XS
SM
MD
LG