Sepleriň elýeterliligi

Eýrana garşy gadagançylyklary artyrmak teklip edilýär


Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň iki agzasy Eýrana garşy gadagançylyklary artyrmagy teklip edýärler. Bu baradaky kanunyň taslamasyny respublikançy Aýlino Ros Lehtinen we demokrat Houardom Berman taýýarlady.

Eýranda adam hukuklaryny bozýan ýolbaşçylaryň hasaplaryny doňdurmak we olaryň Amerika girmegine gadagançylyk girizmek teklip edilýär.

Şonuň ýaly-da, olar Eýranyň ýokary derejeli edaralary bilen biznes edýän daşary ýurtly kompaniýalara garşy gadagançylyklar girizmegi-de teklip edýärler.

Şeýle-de, eýranly diplomatlaryň Nýu Ýorkda hereketini çäklendirmek hem kanunyň taslamasynda görkezilýär.
XS
SM
MD
LG