Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Liwiýanyň resmileri bilen gepleşik geçirer


Şu gün Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Liwiýanyň resmi wekilleri bilen gepleşikler geçirer.

Mundan ozal Lawrowyň aýtmagyna görä, Moskwa Liwiýanyň häkimiýetleriniň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň esasy talaplaryny ýerine ýetirmeginiň we asuda ilatyň ölümine getirmegi mümkin hereketlerden saklanmagynyň tarapdarydyr.

Duşenbe güni Lawrow BMG-niň Baş sekretarynyň Liwiýa boýunça ýörite wekili Awdylla Hatyb bilen duşuşdy. Olar Liwiýadaky ýagdaýy kadalaşdyrmagyň ýollary barada gürrüň etdiler.
XS
SM
MD
LG