Sepleriň elýeterliligi

HWF-niň başlygy «Rikers island» türmesine geçirildi


Jynsy zorlukda aýyplanýan Halkara walýuta fondunyň başlygy Dominik Straus-Kan şu gün wagtlaýyn izolýatordan Nýu Ýorkuň «Rikers island» atly ady belli türmesine geçirildi.

1930-njy ýyllarda gurlan bu türmede häzirki wagt 11 müň töweregi tussag saklanýar.

62 ýaşly Dominik Straus-Kan Nýu Ýork şäherindäki myhmanhalaryň birinde myhmanhananyň bir hyzmatçysyny zorlamaga synanyşyk edenlikde aýyplanylyp, geçen hepdäniň şenbe güni Nýu Ýorkuň aeroportunda tussag edilipdi.

Hepdäniň duşenbe güni Nýu Ýorkuň sudy onuň girewine pul goýup häzirlikçe azatlykda galmak baradaky haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.
XS
SM
MD
LG