Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Kaddafiniň wekilleri bilen gepleşik geçirdi


Şu gün Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň iberen ýörite wekilleri bilen Moskwada gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerden soň eden çykyşynda Sergeý Lawrow Liwiýanyň häkimiýetlerini BMG-niň rezolýusiýalaryna boýun egmeklige hem-de parahat ilata garşy güýç ulanmaklygy bes etmeklige çagyrandygyny aýtdy.

Orsýet Liwiýada NATO güýçleriniň alyp barýan howa hüjümlerini tankytlap gelýär we Liwiýadaky konfliktleriň gepleşikler arkaly çözülmegine çagyryş edýär.
XS
SM
MD
LG