Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz premýer-ministriniň orunbasary aklandy


Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Ömürbek Babanow özüniň korrupsiýa bilen bagly jenaýatçylyklara dahylly däldigi subut edilenden soň, düýn täzeden öz wezipesine girişdi.

Mundan bir aý ozal Ömürbek Babanow bu mesele boýunça parlament komissiýasynyň düýpli derňew geçirmegine mümkinçilik döretmek maksady bilen wagtlaýynça öz wezipesinden çekilipdi.

Bu baradaky derňewler Gyrgyzystanyň Baş prokurorynyň wezipesini ozal wagtlaýyn ýerine ýetiren Kubatbek Babilowyň Ömürbek Babanowa bildiren aýyplamalarynyň yzy bilen ýola goýulypdy.
XS
SM
MD
LG